logo

Soňky täzelikler:
✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
  06.03.2026
453
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi. Bu  barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi. Neşiriň 2026-njy ýyldaky ikinji sany «Türkmen bedewi – belent ösüşleriň nusgasy» atly makala bilen açylýar. Aýyň möhüm wakalaryna bagyşlanan ýazgylar bolsa «Sport – ýaşlygyň ýarany» atly makala bilen dowam etdirilýär. 

 

Žurnalda ýerleşdirilen «Başlangyç synpda ünslüligi ösdürmegiň esaslary» atly makala bilim işgärleri üçin tejribe alyşmaga ýardam berýän peýdaly çykyşlaryň biridir. Şeýle-de şol sahypalarda döwrebap bilim ulgamy baradaky pikirler iňlis dilindäki makalada hem dowam etdirilýär. «Türkmenistanyň kazyýet ulgamy we halkara hukuk tejribesi» atly makalada bolsa bu ugra degişli möhüm maglumatlar okyjylara hödürlenýär.

 

Mundan başga-da, «Türkmen bedewi – taryhyň sahypalarynda» hem-de «Ýyndamlygyň we gözelligiň nyşany» atly makalalar žurnalyň yglan eden döredijilik bäsleşigine hödürlenipdir. Şeýle hem şol sahypalarda rus dilinde ýerleşdirilen makalada türkmen bedewiniň waspy beýan edilýär.

 

Neşiriň täze sanynda diplomatiýa, ykdysadyýet we medeniýet ýaly ugurlara bagyşlanan makalalar, şeýle hem ylym we tehnika täzelikleri baradaky maglumatlar giňden orun alýar. Iňlis dilindäki çykyş bolsa beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsine bagyşlanýar. Mundan başga-da, sazyň terbiýeçilik ähmiýetine degişli makala hem okyjylaryň ünsüni çekýär.

 

«Döredijilik dünýäsi» atly rubrikada häzirki zaman türkmen edebiýatynyň birnäçe wekilleriniň şygyrlary ýerleşdirilýär. Şeýle-de «Dymmagyň ähmiýeti» atly makala täsirli mazmuny bilen tapawutlanýar.

 

Žurnalda mart aýynyň täleýnamasy, Keýmir serdar baradaky makala hem-de «Her bir ýaprak – bir hekaýa» atly çykyşlar hem okyjylaryň gyzyklanmasyny artdyrýar. Şeýle-de «Ýaş waspçy» döredijilik bäsleşiginiň täze ýeňijisi bilen tanyşdyrmak hem-de täze döredijilik bäsleşigini yglan etmek bilen žurnalyň ahyrky sahypalary jemlenýär.