logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň ylmy üstünlikleri
  19.06.2026
288
Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň ylmy üstünlikleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwri eziz Watanymyzyň ähli ugurlarda ynamly ösüşlerini, ylmyň we bilimiň belent dabaralanmasyny bütin dünýä aýan edýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler, ykdysady özgertmeler her bir türkmen raýatynyň kalbynda çuňňur buýsanç döredýär. Döwlet Baştutanymyza akademik we professor alymlyk atlarynyň dakylmagy baradaky hoş habar bolsa,  halkymyzyň toý dabarlaryny has-da belende göterdi. 

       Şu şanly waka mynasybetli, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap birleşmesiniň guramagynda wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Şeýle çäreleriň biri hem 2026-njy ýylyň 17-nji iýunynda Kaka etrabynyň Dokma toplumynda ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirildi. “Geljegimiziň ak ýolunda – ykdysady ösüşlerimiz” diýlip atlandyrylan bu wagyz-nesihat duşuşygy zähmet çekýän dokmaçylaryň we jemgyýetçilik işgärleriniň gatnaşmagynda hakyky baýramçylyk ruhuna beslendi. 

      Duşuşykda çykyş eden Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap birleşmesiniň başlygy Meýlismyrat Myradow Hormatly Prezidentimiziň ylym dünýäsinde gazanan belent sepgitleriniň we oňa dakylan ylmy atlaryň töwerekleýin ähmiýetini nygtady. Ýurdumyzyň ykdysady Garaşsyzlygyny berkitmekde, innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmakda we milli ylmy ösdürmekde döwlet Baştutanymyzyň bitiren hyzmatlary çykyşyň özenini düzdi. Ol öz sözünde ylym bilen önümçiligiň arabaglanyşygynyň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň işgärleri goldamakdaky ornunyň möhümdigini aýratyn belledi. 

      Soňra Kaka etrabynyň Dokma toplumynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy Annamyrat Bazarow çykyş edip, etrabyň iň uly önümçilik merkezleriniň biri bolan Dokma toplumynyň işçileriniň alyp barýan zähmeti we ýurdumyzyň eksport kuwwatyna goşýan goşandy barada durup geçdi. Ol Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylmy taglymatlarynyň dokma senagaty ýaly uly pudaklary döwrebaplaşdyrmakda iň esasy gollanmadygyny nygtap, işçileriň döredijilikli we öndürijilikli zähmet çekmeleri üçin döredilýän şertleriň kämilleşdirilýändigini mälim etdi. Çärede çykyş eden dokma toplumynyň işçileri öz gezeginde döwlet tarapyndan zähmet adamsyna goýulýan uly sarpadan, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen iş ýerlerinden örän hoşaldyklaryny bildirdiler. Olar Hormatly Prezidentimiziň akademik we professor alymlyk adynyň dakylmagyny milli ylmyň dünýä derejesine çykmagynyň nyşany hökmünde kabul edýändiklerini aýtdylar. Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylar halkymyzy asuda we abadan durmuşda ýaşatmak, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek ugrunda yzygiderli alada edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömürleriniň uzak, belent tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.  

 

 

 

Türkmenistanyň Kärdeşler 
arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap 
birleşmesiniň esasy hünärmeni:   Leýli Aşyrowa