logo

Latest news:
✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦
Home / Society /Arkadaga buýsanýarys
  06.08.2019
1084
Arkadaga buýsanýarys

   Berkarar Döwletiň bagtyýarlyk döwrinde Hormatly Arkadag Prezidentimiz özüniň oňyn özgertmeleri, batyrgaý başlangyçlary bilen, eziz halkymyzy ösüşleriň şayoly bilen ynamly öňe alyp barýar. Gahryman Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda durnukly ykdysady, syýasy, durmuş-medeni ösüşler üpjün edilýär. Hormatly Prezidentimiz öz rayatlaryny bolelin, sagdyn we asuda yaşatmak üçin öz gujur-gaýratyny, yhlasyny gaýgyrmayar. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan döwletimizi ösen döwletleriň hataryna goşmak üçin uly alada edýär.

    Häzirki tomus möwsüminiň dowam edýän günlerinde Hormatly Arkadag Prezidentimiziň zähmet rugsadynda bolýanlygyndan hemmämiz habarlydyrys. Bizde endige göra, her gün teleýaýlymda "Watan" habarlar gepleşiginde berilýän täzelikleri diňlemek adata öwrülipdir. Ýekşenbe güni teleýaýlymyň "Watan" habarlar gepleşiginde Hormatly Prezidentimiziň zähmet rugsady döwründe öz dynç alyş wagtynda nähili peýdaly işler bilen meşgullanyp, halkyna görelde görkezýänligi barada wideşekilleriň görkezilmegi bizi diýseň begendirdi we buýsandyrdy. Gahryman Arkadagymyz dynç alşy wagtynda maşgalasynyň arasynda bolup, öz agtyklary bilen didarlaşdy. Ol şondan, soň dynç alşynyň dowamynda säheriň jana yakymly, dag howasynda welosiped sürdi we öz saglygyny berkitdi hem-de Atçylyk toplumyna baryp, özüniň Şapolat diýen aty bilen didarlaşdy. Olimpiýa şäherçesinde öz egindeşleri bilen dürli maşklary ýerine ýetirip, türgenleşik işlerini geçirdi we olara bedeni berkitmekligiň dogry ýollaryny salgy berdi hem-de bu ýerde sportyň beýleki görnüşleri boýunça öz ussatlygyny görkezdi.

   Biz Hormatly Prezidentimiziň öňdenem ussat mergendiginden habarly. Ol harby bölümleriň birine gelip, nyşana ok atdy. Gahryman Arkadagymyzyň atan okunyň ýekejesi-de nyşanadan sowa geçmedi. Hormatly Arkadagymyzyň agtygy Kerimgulynyň aýdym-sazdan näderejede baş çykarýandygyny onuň ozalky döreden ajaýyp sazlaryndan hem bilýäris. Gahryman Arkadagymyz ses ýazylýan studiýada Kerimgulynyň döreden-täze "Ýaşa Türkmenistan, bedew bady bilen öňe!" diýen sazyny sanly saz gurallarynyň üsti bilen ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.

   Hormatly Arkadagymyzyň gijaniň içinde Garagumuň aňňyt-aňňyt gum depelerini böwsüp, sport awtoulagyna ussatlyk bilen erk edişi görenleri haýrana galdyrdy. Hormatly Prezidentimiz Garagumuň jümmişinde ýerleşýän "Garagumuň ýalkymy" diýen täsin ýere gelip, öz awtoulagy  bilen  dürli öwrümler etdi we awtoulag sürmekde öz ussatlygyny görkezdi.

   Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda alyp barýan her bir işi hemmeler üçin nusga alarlykdyr. Munuň şeýledigine teleýaýlymyň "Watan" habarlar gepleşiginde Hormatly Arkadagymyz barada görkezilen wedioşekiller-de anyk şayatlyk edýär. Biz öz Mähriban we Gahryman Arkadagymyzyň her bir edýän nusga alarlyk işlerine guwanýarys we buýsanýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hemişe janynyň sag, başynyň dik, tutýan tutumly işleriniň rowaç almaklygyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!