Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ «Mahmyt Kaşgarlynyň Diwany lugat at-türk atly eserinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň orny» atly halkara ylmy maslahat geçirildi ✦ ✦ Daşkent şäherinde “Aşyk bolmuşam” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ Daşkentde “Magtymguly – dünýäniň akyldary we onuň pelsepesiniň häzirki döwürdäki ähmiýeti” atly maslahat geçirildi ✦ ✦ Himiýa boýunça halkara bäsleşikde türkmen talyplarynyň üstünligi ✦ ✦ Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I. Blinnikow adyndaky altyn medaly gowşuryldy ✦ ✦ Daşary ýurt dillerini öwretmekde innowasion tehnologiýalaryň orny ✦ ✦ Türkmenabatda täze himiýa toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Pagta möwsümi guramaçylykly dowam edýär ✦ ✦ Daşary ýurt dilleri öwretmegiň usullary ✦ ✦ Innowasiýa — durnukly ösüşiň özeni ✦
Baş sahypa / Medeniýet /«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar biz» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi!
  18.02.2023
1308
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar biz» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi!

Hormatly Prezidentimiziň: «Biz ýaşlara mümkinçilikleriniň açylmagyna we şahsyýet hökmünde kemala gelmegine kömek bermek üçin ähli şertleri döretmelidiris» diýen sözlerinden ugur alyp, zehinli ýaşlarymyzy ýüze çykarmak maksady bilen «Nesil» gazetiniň redaksiýasy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar biz» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşigiň baş maksady «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän 2023-nji ýylda Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly döwlet syýasatyny giňden wasp etmekden, ýaş nesillerimiziň döredijilik ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakdan hem-de olary täze döredijilik gözleglerine we üstünliklere ruhlandyrmakdan ybaratdyr.

Bäsleşik döredijiligiň şu ugurlary — publisistik makalalary we oçerkleri ýazmak boýunça geçirilip, oňa gatnaşyjylar Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ýeten belent sepgitlerini, üstünlikli amala aşyrylýan ýaşlar syýasatyny, zähmetsöýerligi hem-de watansöýüjiligi wasp edýän döredijilik eserlerini 2023-nji ýylyň 10-njy maýyna çenli hödürläp bilerler. Bäsleşige gatnaşyjylar döredijilik eserlerini «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar biz» diýen ýazgy bilen hödürläp, ýanyna özleri baradaky maglumatlary (pasportynyň nusgasy, ýaşaýan ýa-da okaýan ýeriniň anyk salgysy, telefon belgisi) goşmalydyrlar. Bäsleşige hödürlenen döredijilik eserleriniň iň gowularyny saýlap-seçmek üçin guramaçylar tarapyndan ýörite eminler topary döredilýär.

Bäsleşigiň jemleri Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli 2023-nji ýylyň maý aýynda jemlener. Ýeňijilere Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar, şeýle-de tapawutlanan döredijilik eserleri üçin höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Bäsleşige ýaşy 35-e çenli bolan ýaşlar gatnaşyp bilerler. 

Bäsleşige hödürlenýän işleri şu salga ibermeli:

Aşgabat şäheri, 744604, Garaşsyzlyk şaýoly, Erkin döredijilik mekany, «Nesil» gazetiniň redaksiýasy.
E-mail salgysy: nesil-gazeti@online.tm

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 
«Nesil» gazetiniň redaksiýasy: 38-61-57, 39-95-26, 39-96-36. 
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi: 44-88-79, 44-88-85.