logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Arkadag şäherinde Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi
  02.01.2026
375
Arkadag şäherinde Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi

Arkadag şäherinde uly şatlyk we ruhubelentlik ýagdaýynda giň gerimli Täze ýyl dabaralary boldy. Baýramçylyk çäreleri Täze ýylyň ýurdumyzyň ähli künjeklerinde däp-dessurlary we medeni durmuşyň döwrebap görnüşlerini birleşdirip, örän ajaýyp we dabaraly bellenilýändigini ýene-de bir gezek tassyklady. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.

 

Baýramçylyk çäreleri 1-nji ýanwarda täze «akylly» şäheriň merkezi meýdanynda Döwlet baýdagyny galdyrmak dabarasy bilen badalga aldy. Bu dabaradan soň konsert çykyşlaryny, dabaraly ýörişleri hem-de halk gezelençlerini öz içine alýan baý baýramçylyk maksatnamasy ýaýbaňlandy. Asmana dürli reňkli şarlaryň goýberilmegi baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdi.

 

Täze ýyl mynasybetli Arkadag şäheriniň köçeleri we meýdançalary baý bezegler, suw çüwdürimleri hem-de döwrebap yşyklandyryş serişdeleri bilen bezeldi. Bu ýerlerde medeniýet işgärleriniň, ýaş sungat ussatlarynyň we döredijilik toparlarynyň çykyşlary guraldy. Şeýle-de Baş Täze ýyl arçasynyň ýanynda çagalar üçin ýörite taýýarlanan çäreler geçirilip, Aýaz baba we Garpamyk baýramy çagalar bilen bilelikde garşyladylar.

 

Baýramçylyk maksatnamasy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalary sagaldyş we dikeldiş merkezinde dowam etdi. Ol ýerde bejergi alýan çagalara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Täze ýyl sowgatlary — süýjilikler, okuw esbaplary, interaktiw serişdeler we saz gurallary gowşuryldy.

 

Baýramçylyk çärelerine gatnaşan çagalar özlerine berilýän üns we alada üçin hoşallyk bildirip, ýurdumyzda döredilen şertleriň olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine we bagtly çagalygyna giň mümkinçilikler döredýändigini bellediler.

 

Arslan BAÝRAMOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.