logo

Latest news:
✦ Medeniýet hepdeligi: galkynyşyň we ösüşiň baýramy ✦ ✦ Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlady ✦ ✦ Ahalteke bedewleri — türkmen halkynyň buýsanjy ✦ ✦ Täze ylalaşyklar türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar ✦ ✦ Türkmenistan-Malaýziýa forumynda energiýa hyzmatdaşlygy üns merkezinde ✦ ✦ Anwar Ibrahim Aşgabatda Malaýziýanyň diasporasy bilen duşuşdy ✦ ✦ Gadymyýetden gözbaş alýan sungat ✦ ✦ Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň ylmy üstünlikleri ✦ ✦ Paýtagtymyzda Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Azerbaýjan Respublikasynda halkara maslahat geçirildi ✦
Home / Culture /Ankara uniwersitetinde Magtymguly burçy döredildi
  26.02.2024
615
Ankara uniwersitetinde Magtymguly burçy döredildi

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylymyzyň 22-nji fewralynda Türkiýäniň Ankara uniwersitetinde bu ýerde zähmet çekýän türkmen alymy Berdi Saryýewiň tagallasy bilen beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesi mynasybetli Magtymguly burçy döredildi.

 

 

Magtymguly burçunda beýik türkmeniň şahyry Magtymguly Pyragynyň dürli dillerde çykan kitaplary, onuň döredijiligine degişli monografiýalar, goralan dissertasiýalar, žurnallardaky ylmy makalalar, golýazmalary esasynda ýazylan ylmy işler, Magtymgulynyň 3 jiltlik goşgularynyň CD görnüşindäki audido ýazgysy (sesli okalyşy), Magtymguly kinofilmi, Berdi Kerbabaýew tarapyndan ýygnalyp 1926 ýylda arap harpy bilen ýazylan nusgasy basylan kitaby we  Eýranda taýýarlanylyp neşir edilen  2 jiltlik kitaby ýerleşdirilipdir. Şeýle-de bu ýerde uzak ýyllaryň dowamynda zähmet çekýän türkmen alymy, ildeşimiz Berdi Saryýewiň okatmagynda «Magtymgulyny öwreniş» sapagy geçirildi.

 

 

Çäre TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip, ata Watanymyz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde bolsa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylymyzda örän giň gerimde bellenilýän beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesini uludan dabaralandyrmak maksady bilen geçirildi.

 

Toýly Jänädow,
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň
Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy.