logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Culture /Änewiň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guraljak çärelere Nowruz ýaýlasynda badalga berler
  25.03.2024
699
Änewiň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guraljak çärelere Nowruz ýaýlasynda badalga berler

Türkmenistan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek boýunça dabaralara taýýarlyk görýär. Bu barada 23-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bellenilip geçildi.

 

 

Dabarany Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirmek meýilleşdirilýär. 26-njy martda geçiriljek dabaranyň çäklerinde türki halklaryň aýdymçylarynyň konsertini, suratkeşleriniň, şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň hem-de fotosuratçylarynyň eserleriniň sergisini guramak göz öňünde tutulýar.

 

 

Bu çärelere gatnaşmak üçin Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Türki döwletleriň Parlament Assambleýasynyň, Türk medeniýetiniň we mirasynyň gaznasynyň, Halkara Türk akademiýasynyň, şeýle hem TÜRKSOÝ-a agza we synçy ýurtlaryň, ugurdaş ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň hem-de döredijilik we ylym wekiliýetleriň ýurdumyza gelmegine garaşylýar.

 

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary bilen tassyklanan Meýilnama laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dowamynda dürli çäreler, şol sanda döredijilik duşuşyklary, TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň II teatr festiwaly, «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly geçiriler.

 

Aýbölek ANNAÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky 
mugallymçylyk mekdebiniň 
talyby.