logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Änew şäherindäki Medeniýet öýünde saz-söhbetli dabara geçirildi
  14.09.2022
890
Änew şäherindäki Medeniýet öýünde saz-söhbetli dabara geçirildi

Änew şäherindäki Medeniýet öýüniň eýwanynda, welaýat kitaphanasynyň guramagynda «Garaşsyzlyk alyp galkynan Diýar Garaşsyzlyk toýun toýlaýar» ady bilen saz-söhbetli dabara geçirildi. Oňa welaýat häkimliginiň 6-njy başlangyç hünär okuw mekdebiniň talyplary, mekdep mugallymlary, kitaphana işgärleri hem-de ýaş okyjylar gatnaşdy.

 

 

Dabaranyň dowamynda bagşy-sazandalaryň ýerine ýetiren aýdymlary gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Dabara gatnaşyjylar milli ruha beslenen aýdym-sazlar astynda welaýat kitaphanasy tarapyndan guralan baýramçylyk kitap sergisi bilen tanyşdylar.