logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Änew şäheri - «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty»
  07.11.2022
1690
Änew şäheri - «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty»

Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirilen, TÜRKSOÝ guramasynyň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisinde kabul edilen karara laýyklykda, Änew şäheri 2024-nji ýyl üçin «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» derejesine eýe boldy. Duşuşyk boýunça jemleýji beýannama gurama gatnaşyjy döwletleriň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary, şol sanda Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow hem gol çekdi.

Şeýle hem, TÜRKSOÝ guramasynyň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 40-njy mejlisi geljek ýylyň ahyrynda Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde geçiriler.

Belläp geçsek, mundan ozal 2015-nji ýylda Mary şäheri türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilipdi.