logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Änew şäheri Türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi
  13.12.2023
816
Änew şäheri Türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi

10-njy dekabrda Azerbaýjanyň Medeniýet Ministrligi bilen TÜRKSOÝ tarapyndan bilelikde gurnalan “Türki dünýäniň medeni paýtagty – 2023” atly ýylyň resmi ýapylyş çäresi geçirildi. Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde geçirilen bu dabarada 2024-nji ýylda Türki dünýäniň paýtagty diýlip Watanymyzyň Änew şäheriniň bellenilmegi eziz halkymyza Bitaraplyk baýramynyň öňüsyrasynda şatlykly toý sowgady boldy.

 

 

Doganlyk türki döwletleriň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmek babatda ýurdumyzyň uly mümkinçilikleriniň bardygyna dünýä halklary ýokary baha berýärler. Türki dünýäsiniň agzybirligine, jebisligine, birek-birek bilen tanyşmaga we medeniýetleriň ýaýramagyna giňden ýardam berýän bu çäräniň dowamynda Azerbaýjanyň medeniýet ministri Adil Karimli Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradowa Türki dünýäsiniň Hemişelik Medeniýet ministrleriniň Geňeşiniň başlyklygynyň nyşanyny gowşurdy.

 

 

Mundan ozal, has takygy, 2015-nji ýylda ýurdumyzyň Mary şäheri Türki dünýäniň medeni paýtagty diýen abraýly derejä eýe bolupdy.

 

 

Jeren ŞIRJANOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.