logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Änew şäher Medeniýet öýünde Medeniýet hepdeligine bagyşlanan aýdym-sazly dabara geçirildi
  17.06.2022
1211
Änew şäher Medeniýet öýünde Medeniýet hepdeligine bagyşlanan aýdym-sazly dabara geçirildi

Ýakynda, Änew şäherindäki Medeniýet öýünde Medeniýet hepdeligine bagyşlanan aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabarany welaýat Medeniýet müdirligi hem-de welaýat kitaphanasy bilelikde gurnady. Aýdym-sazly dabara medeniýet ulgamynyň işgärleri, kitaphana okyjylary gatnaşdy.

Dabarada ýurdumyzda ruhy baýlygymyz bolan milli medeniýetimizi ösdürmäge, baý mirasymyzy gorap saklamaga hem-de wagyz etmäge gönükdirilen giň gerimli işleriň rowaçlanylyşy dogrusynda birnäçe çykyşlar diňlenildi.

Ahal welaýat Medeniýet merkeziniň bagşy-sazandalarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan joşgunly aýdym-sazlar dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.