logo

Latest news:
✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦ ✦ Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň binýatlyk esaslary ✦ ✦ Bagşy Döwletgeldi Ökdirow ✦ ✦ Seulda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Buharestde ýylyň şygaryna bagyşlanan tegelek stol geçirildi ✦ ✦ TDYDI-de Startup bäsleşigi geçirildi ✦
Home / Nature /Amatly gurşawy döretmek ugrunda
  20.05.2023
865
Amatly gurşawy döretmek ugrunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa medeniýetini ösdürmek, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmaklyga uly üns berilýär. Türkmenistan ýurdumyzda bu babatda uzak geljegi nazarlaýan ekologiýa maksatnamalary işläp düzülip, olaryň birnäçesi hereket edýär. Kabul edilen şol döwlet maksatnamalaryndan gelip çykýan möhüm wezipeler üstünlikli çözülýär. Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tebigat bilen ynsanyň baglanyşygyny sazlaşykly alyp barmak, ösümlik we haýwanat dünýäsini aýawly saklamak barada ýaş nesillerde ekologik bilimi kemala getirmek netijeli häsiýete eýe bolýar. Ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny hem yzygiderli pugtalandyrylýar. Bu babatda alnyp barylýan halkara we milli kadalara laýyklykda, «Tebigaty goramak hakynda», «Balykçylyk we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasy», «Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy», «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi bellenmeli ýagdaýdyr. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, peder ýoluny dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda her ýyl ýurdumyzda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmeklik indi asylly däbe öwrüldi. Çünki bu asylly hem döwletli çäre ýurdumyzda daşky gurşawy goramak syýasatyna özboluşly goşant bolup, obadyr şäherlerimiziň görküne görk berýär, ilatymyzyň ýaşamagy üçin has hem oňaýly klimaty, amatly gurşawy döredýär. Munuň özi «Watan diňe halky bilen Watandyr, döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän Arkadagly Serdarymyzyň beýik başlangyçlarynyň giň gerime eýe bolýandygynyň ykrarnamasydyr. Ýurdumyzyň her bir raýatynyň, aýratyn hem ýaş nesilleriň saglygynyň goraglylygy hakynda uly alada edilýär, ähli sebitlerde döwrebap saglyk merkezleri, hassahanalar, şypahanalar, sport merkezleri we stadionlar gurlup ulanylmaga berilýär. Biz munuň şeýledigini mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň düýpli ýokarlanmagynda, ynsan saglygy baradaky edilýän taýsyz tagallalaryň üstünlikli amal edilmeginde, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda alnyp barylýan asylly maksatlarda aýdyň görýäris! 

 

Atahan ÝAZLYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.