logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Alymlaryň Magtymguly Pyragy hakda aýdanlaryndan..
  09.05.2023
1355
Alymlaryň Magtymguly Pyragy hakda aýdanlaryndan..

- Magtymgulynyň şygyrlar ýygyndysy iňňän gyzykly. Onda, bir tarapdan, türkmen diliniň arassa nusgasyny görsek, ikinjiden, şu ýygyndyda beýleki Gündogar şahyrlarynyň eserlerinde seýrek duş gelýän zatlar barada jikme-­jik aýdylýar. 

Arminiý Wamberi, wenger alymy.

- Magtymgulyny ähli türkmenler aýratyn sylaýarlar... Magtymgulynyň öwlüýä­ mukaddesligi türkmenleriň arasynda şek­-şübhe döretmeýär. Türkmenler: «Onuň ähli ýazan we aýdan zatlary iru­-giç berjaý bolmalydyr» diýýärler.

Fýodor Bakulin, rus alymy.

- Magtymguly ýaly milli şahyrly halk türki halklaryň arasynda diňe türkmenlerdir.

Wladimir Bartold, rus alymy.

- Magtymguly XVIII asyr türkmen edebiýatynda ägirt uly özgeriş döredip, ony öň görülmedik ýokary derejede ösdüren şahyrdyr.

Mäti Kösäýew, türkmen alymy.

- Magtymguly – Jemşidiň jamydyr.

Ýewgeniý Bertels, rus alymy.

- Magtymgulynyň gyzyla gaplaýmaly goşgy­-gazallary, onuň iň oňat, iň progressiw nusgalary biziň öňdebaryjy sungatymyza uly goşant bolup girdi.

Baýmuhammet Garryýew, türkmen alymy.

 

 

Toplan: Altynaý NURMÄMMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.