logo

Soňky täzelikler:
✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Alymlar tehnologiki ösüşiň haýallaýandygyny mälim edýärler!
  07.01.2023
1505
Alymlar tehnologiki ösüşiň haýallaýandygyny mälim edýärler!

Alymlar ylmy bökdençlikleriň we tehnologiki açyşlaryň tizliginiň ep-esli haýallandygyny anykladylar.

Täze geçirilen gözlegde, ylmy we tehnologiki bilimleriň soňky wagtlar köp sanly täze ylmy we tehnologiki açyşlara goşant goşmaýandygy mälim edilýär. Alymlar geçirilen gözlegde tehnologiki prosesiň çaltlaşýandygyny ýa-da haýallaýandygyny barlamaga synanyşdylar. Munuň üçin neşir edilen 45 million ylmy iş gözden geçirildi.

Gözlegçiler bu maglumatlary makalalaryň we patentleriň ylymdaky şeýle-de tehnologiýadaky täsirini ölçemek üçin «CD indeks» diýlip atlandyrylýan gural bilen seljerdiler. Gural gynansagam garaşylan netijäni bermedi. Alymlar gözleg arkaly ylmy bökdençlikleriň we tehnologiki açyşlaryň tizliginiň ep-esli haýallandygyny anykladylar.

Geljekde alymlar bu guralyň üsti bilen iki dürli açyşy barlamagy maksat edinýärler. Käbir alymlar bolsa bu ýagdaýyň kada laýykdygyny tehnologiki açyşlar has köpelse onda jemgyýetde käbir beýleki meseleleriň köpeljekdigini belleýärler.

Netijeleri beýan edýän ylmy makala «Nature» akademiki žurnalynda «Papers and patents are becoming less disruptive over time» ady bilen çap edildi. 

 

Agaly ÝAZMUHAMMEDOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.