logo

Latest news:
✦ Döwletli geňeşe barýarys ✦ ✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦
Home / Nature /Altyn güýz barada täsirli maglumatlar
  15.09.2023
2632
Altyn güýz barada täsirli maglumatlar

  • “Güýz” sözi dünýä halklarynyň dillerinde dürlüçe ulanylsa-da, ol “hasyl” diýmekligi aňladýar.
     
  • XVIII asyra çenli Russiýada güýz pasly 23-nji sentýabrda başlanyp, 23-nji dekabrda tamamlanypdyr.
     
  • Ýer şary gyzdygyça ýapraklar reňkiniň üýtgemegini yza süýşürip başlaýar.
     
  • Alymlar global ýylylygyň güýz reňkine täsir edip biljekdigini öňe sürýärler.
     
  • Güýzde ýylylyk ýokary bolsa ýapraklar düzümindäki glýukozany gyzyl pigmentiň emele gelmegi üçin peýdalanman, täze şahalaryň ösmegi üçin harçlap başlaýarlar.
     
  • Ýewropa ýurtlarynyň ählisinde güýz aýlary sentýabr-noýabr aralygy hasaplanýar.
     
  • Irlandiýada ýerli ilat köne däbe eýerip güýz awgust aýynda başlanýar diýip hasaplaýarlar.
     
  • Bizde her ýyl sentýabr aýy başlanýan güýz pasly aslynda Ýer ýüzüniň ähli ýerinde ýok. Mysal üçin, Ekwatorda hiç wagt güýz pasly bolanok.
     
  • Ýer togalagynyň demirgazyk şarynda güýz pasly sentýabr aýynda başlaýar we noýabrda tamamlanýar.
     
  • Günorta ýarym şarda güýz mart aýynda başlanyp, maý aýynyň ahyryna çenli dowam edýär.
     
  • Amerikaly alymlaryň bellemegine görä, güýzde doglan adamlar beýleki aýlarda doglanlardan uzak ýaşaýar.
     
  • Ýüze çykýan heläkçilikleriň köpüsi güýzde bolýar. Alymlar tarapyndan bu ýagdaý ýagyş-ýagmyryň güýçli ýagmagy, ýere gaçýan ýapraklaryň köp ýygnanmagy we şemalyň täsirinde öwüsmegi bilen baglanyşykly diýlip düşündirilýär.
     
  • Geçirilen gözleglere görä, güýz depressiýasy adamlara uly täsir edýär, ýagny ortaça her 100 adamdan 5-si güýz reňkinden ejir çekýär.
     
  • Meteorologiki sebäplere görä, atmosfera basyşynyň peselmegi ýylyň beýleki döwürlerine garanda güýz paslynda has aýdyň ýüze çykýar, oňa esasan hem uly ýaşly adamlar duýgur bolýarlar.
     
  • Sentýabr-noýabr aýlarynda doglan çagalaryň beýleki möwsümlerde doglan çagalara garanda 100 ýaşa çenli ýaşamak ähtimallygy ýokarydyr.
     
  • Ýapraklar diňe güýzde däl-de başga möwsümlerde hem dökülýär, ekwatorial we tropiki zolaklardaky ösümlikleriň köpüsi ýapragyny dürli möwsümlerde hem dökýärler.

 

Gülnur AGADURDYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Weterinar lukmançylygy

hünäriniň I ýyl talyby.