logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Alkyşdan serpaýly gelin-gyzlarymyz!
  02.03.2023
1239
Alkyşdan serpaýly gelin-gyzlarymyz!

Halkymyzyň eşretde ýaşamagy, gelin-gyzlarymyzyň rahat we bolelin durmuşy ugrunda edilýän aladany Arkadagly Serdarymyzyň her bir tutýan tutumly işinde görmek bolýar. Arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy Türkmenistanda, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda eşretli durmuşda ýaşaýan, zähmet çekýän nurana gyz-gelinlerimiziň, mährem enelerimiziň kalplary özlerine döredilip berilýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerinden püre-pürdir.

Ýurdumyzyň dürli pudaklarynda işleýän gyz-gelinleriň zähmetine baha berlip, olary işe has-da höweslendirmek maksady bilen aýdym-sazly dabaralar, bäsleşikler, döredijilik sergileri geçirilýär. Toý baýrama beslenen şeýle dabaralar şu günler Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde guralýar.

Türkmenistanyň dürli kärhanalarynda, edaralarynda, bilim ojaklarynda gyz-gelinlere, zenanlara bagyşlanan dürli baýramçylyk çäreleri uly şatlyk-şowhuna beslenýär. Olaryň hormatyna bagyşlanan dabaralar owadan ýurdumyzy gurşap alýar. Bu ajaýyp işler gyz-gelinleriň, mährem eneleriň näzik göwünlerini göterýär. Olar özleri barada edýän aladalary, goýýan hormaty üçin mähriban Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyşly sözlerini beýan edýärler. 

 

Maýagözel ORAZOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.