logo

Latest news:
✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦ ✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦
Home / Culture /Akyldar şahyra bagyşlanyp ylmy-amaly maslahat geçirildi
  25.03.2023
1055
Akyldar şahyra bagyşlanyp ylmy-amaly maslahat geçirildi

Mälim bolşy ýaly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň üç asyrlyk toýuna bagyşlanyp geçirilýän çäreler diňe bir öz ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da barha giň gerim alýar.

Golaýda, Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň Ürgenç etrabynda ýerleşýän «Uly howly» taryhy ýadygärliginiň çägindäki türkmen-özbek Dostluk öýünde «Magtymguly Pyragy — türkmen-özbek dostluk köprüsi» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde dabaralandyrmak hem-de wagyz etmek baradaky Karary bilen tassyklanan Meýilnamanyň çäklerinde geçirilen bu maslahata türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçihanasynyň wekilleri, Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň wekili, Özbegistanda ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, bu döwletdäki Türkmen medeniýet merkeziniň ýolbaşçylary we beýlekiler gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar 14-nji martda Hywa şäherindäki ýadygärlikler toplumlaryna aýlanyp gördüler. Maslahatda edilen çykyşlar diýseň täsirli boldy. 

 

Suraýýa REJEPOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.