logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Kambojanyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi ✦ ✦ Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy bellenildi ✦ ✦ Ýeňiş güni mynasybetli weteranlar sylaglandy ✦ ✦ «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Türkmenistan — TÜRKSOÝ: medeni hyzmatdaşlygyň üsti bilen halklary birleşdirýän köpri ✦ ✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ TOHU-da «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦
Home / Culture /Ak arzuwlardan boglan paýhas çemeni
  19.01.2024
534
Ak arzuwlardan boglan paýhas çemeni

Süňňi ýagşy niýetlerden, paýhas-pentlere gaplanan parasatly jümlelerden düzülen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitaby “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzy turuwbaşdan ýagty öwüşgünlere besledi. Bu ajaýyp kitapda ynsanyň ylym-bilim almaklygy, hünär öwrenmekligi, kär edinmekligi ömrüň bahar paslyna deňelýän ýaşlyk ýyllaryna gabat geýändigini aýratyn belläp geçýär.  

 

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlaryna durmuşyň ähli ugurlarynda okamaga, öwrenmäge, zähmet çekmäge giň mümkinçilikler döredilip berilýär. Ýaşlar özleri baradaky edilýän aladalary her ädimde duýup ýaşaýarlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: “Ýaşlar bilen geljegimizi gurýarys” diýen ganatly jümleleri bolsa biz ýaşlary ýagşy işlere, möhüm başlangyçlara has-da hyjuwlandyrýar.

 

 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň şöhratly ýyl ýazgylarynda müdimilik ornaşan taryhy seneler bilen baglanyşykly hormatly Prezidentimiziň çuňňur manyly çykyşlarynyň, Gutlaglarynyň, bagtyýar ýaşlarymyzyň durmuşynda oňyn özgerişlikler emele getiren Resminamalaryň şeýle-de ýurdumyzyň dürli ulgamlarda gazanan ýeňişleriniň kitapda ýerleşdirilmegi her bir ýaş ynsanyň ýüregini buýsanja gaplady.

 

 

Watanymyzy beýik ösüşlere sary alyp barýan, ýaşlaryk hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!   

 

 

Yhlas ALLAMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.