logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Economics /Ak altynly ak peller
  29.09.2020
746
Ak altynly ak peller

      Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe iri ösýän pudaklaryň biride oba senagaty bolup durýar. Türkmen oba senagatynyň işgärleri edermen baba-daýhanlar ýurdymyzy ösdürmekde oba senagatyny belende götermekde özleriniň goşantlaryny goşýarlar. Bu günki gün meýdanlarda pagta ýygymy has-da gyzgalaňly alynyp barylýar. Ýurdymyzda daýhanlaryň yhlasly zähmet çekmekleri üçin dünýäde iň meşhur tehnikalar yzygiderli ýurdymyza gelip gowuşýar. Munuň özide edermen baba-daýhanlarymyzyň işlemegine uly kömek berýär.

      Şeýle-de, her ýyl pagta ýygymyna il ýaşulylarmyzyň ak pata bermegi edermen baba-daýhanlaryň hünärine bolan söýgüsini has-da artdyrýar. Il ýaşulylarymyz şu ýylda hem gowaça hasylynyň ýygnamagyň başyny başlap berdi we ol ýerde dünýä belli “John Deere”, “Class” kysymly kombaýynlaryň iň täze görnüşini edermen baba-daýhanlara we türkmen halkymyza sowgat berildi. Täze mehanizimler telematiki ulgam arkaly dolandyrylýar. Oba hojalygyny döwrebap derejede ösdürmek zähmet öndürjiligini ýokarlandyrmakda, maglumatlaryň elektron binýadyny döretmekde, oba senagat toplumyna sanly elektron dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmagyň ähmiýetiniň ulydygyna göz ýetirmek bolar. Ýurdymyzda çalt depginde iş alyp barýan mehnizatorlar öz mehanizimlerine ussatlyk bilen erk edip, her bir pagta hasylynyň yrýasyz ýygnanmagy üçin uly işler alyp barýarlar.

Türkmenistan döwletimizi ösdürmekde dünýä tanatmakda uly işler alyp barýan edermen baba-daýhanlarymyza çekýän zähmetleri üçin öz goldawlaryny, parasatly maslahatlaryny berip durýan il ýaşulylarymyzyň janlary sag bolsun, daýhanlarymyzyň işleri mundan buýanada rowaçlyklara beslensin!