logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Society /Ahalteke bedewleri — türkmen halkynyň buýsanjy
  25.06.2026
137
Ahalteke bedewleri — türkmen halkynyň buýsanjy

Türkmeniň ahalteke bedewi özüne mahsus gözelligi, çalasynlygy we müňýyllyklardan gözbaş alýan baý taryhy bilen diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň gymmatly mirasynyň birine öwrüldi. Bu ajaýyp at türkmen halkynyň köpasyrlyk seçgiçilik tejribesiniň netijesinde kemala gelip, häzirki wagtda hem ýurdumyzyň at-abraýyny belende galdyrýar. Türkmen seýisçilik sungaty bolsa atlary ösdürip ýetişdirmegiň, olary türgenleşdirmegiň we çapyksuwarlygyň özboluşly däplerini özünde jemleýän milli mekdep bolmagynda galýar. Ata-babalarymyz bedewleriň diňe bir ýyndamlygyna däl, olaryň nesil arassalygyny saklamaga we tohumyny kämilleşdirmäge hem uly ähmiýet beripdirler. Şonuň netijesinde türkmen bedewleriniň şöhraty dünýä ýaýrap, häzirki döwre çenli dowam edip gelýär. Häzirki wagtda hem ahalteke atlary baýramçylyklarymyzyň bezegi, halkymyzyň buýsanjy bolup durýar.

 

Ahalteke bedewleri gadymy döwürlerden bäri dünýäniň dürli ýurtlarynda ösdürilip ýetişdirilen at tohumlarynyň kemala gelmegine uly täsir edipdir. Bu atlar özleriniň owadanlygy, çydamlylygy we ýokary tizligi bilen tapawutlanýar. Ahalteke atlarynyň taryhynyň gadymylygy, olaryň türkmen halkynyň taryhy bilen berk baglanyşyklydygyny görkezýär. Gündogar we Günbatar alymlarynyň eserlerinde türkmen bedewleri barada köp maglumatlar gabat gelýär. Gerodot, Strabon, Aristotel, Gomer, Owidiy, Wergiliý hem-de beýleki taryhçylar we alymlar öz ýazgylarynda bu ajaýyp atlary beýan edipdirler.

 

Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän Änew, Marguş, Goňurdepe we Altyndepe ýaly taryhy ýerlerde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan at süňkleri hem-de beýleki gymmatly tapyndylar ýurdumyzyň ilkinji bolup atlary eldekileşdiren we olaryň tohumyny kämilleşdiren merkezleriň biri bolandygyny tassyklaýar.

 

Ahalteke bedewleri häzirki döwürde hem dürli çapyşyklarda we uzak aralyga geçirilýän ýörişlerde özleriniň çydamlylygyny subut edip gelýärler. Şeýle ýörişleriň iň meşhurlarynyň biri 1935-nji ýylda geçirilen Aşgabat — Moskwa atly ýörişidir. Atlylar bu uzak aralygy geçip öz adyny taryha ýazdyrdylar.