logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /«Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» ÝUNESKO-nyň sanawyna giriziler
  09.02.2023
2288
«Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» ÝUNESKO-nyň sanawyna giriziler

Golaýda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň çäklerinde 2023-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnama hödürlendi.

Mundan ozal, «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» ýaly berlen hödürnamalar ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilipdi.

Mejlise gatnaşyjylar ylym-bilim babatynda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň ähmiýetini bellediler.

Belläp geçsek, şu ýyl Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy bellenilýär. Bu şanly sene mynasybetli 2023-nji ýylyň dekabrynda Aşgabat şäherinde ÝUNESKO-nyň Tähranda ýerleşýän sebitleýin edarasy bilen bilelikde Halkara maslahatyny geçiriler. 

 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.