logo

Latest news:
✦ Fizika ylmynyň gazananlary ✦ ✦ «Ýaşyl» himiýa düşünjesi ✦ ✦ Möhüm ähmiýetli dialog ✦ ✦ Rowaçly tutumlaryň gözbaşy ✦ ✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦
Home / Politics /Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň birinji tapgyry dekabr aýynda açylyp ulanylmaga berler
  13.09.2022
961
Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň birinji tapgyry dekabr aýynda açylyp ulanylmaga berler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.

 

 

Häzirki wagtda 2019-njy ýylda gurluşygyna badalga berlen Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyň 1-nji tapgyrynda işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Ony şu ýylyň dekabr aýynda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Döwlet Baştutanymyz binalaryň enjamlaşdyrylyşyna, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna yzygiderli gözegçilik etmegiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda döwlet komitetiniň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.