Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Talyp ýaşlar sungatda öwrenen hünärini ylmy esasda açyp görkezýärler ✦ ✦ Uçurumlaryň taslama işlerinde döwrüň çeper beýany ✦ ✦ Ahal welaýatynda medeniýet hepdeligi geçirildi ✦ ✦ 4000-den gowrak adam Watanyna Türkmenistanyň üsti bilen dolandy ✦ ✦ Ýaşlar etnografiýa muzeýine gezelenç etdiler ✦ ✦ Meteorid daşy ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi ✦ ✦ Sanly ulgam - ösüşiň binýady ✦ ✦ Medeniýet hepdeligine badalga berildi ✦ ✦ Merkezi Aziýa ýurtlarynyň küştçüleri «Aşgabat 2025» halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler ✦ ✦ Galla - biziň baýlygymyz ✦
Baş sahypa / Syýasat /Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça möhüm resminamalara gol çekildi
  13.09.2022
475
Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça möhüm resminamalara gol çekildi

“Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 28-nji aprelinde çykaran 58-nji Permanyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti hakynda Düzgünnama, şeýle hem bu komitetiň merkezi edarasynyň gurluşy we işgär sany, ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklary tassyklanyldy.

 

 

Resminama bilen, Gurluşyk we binagärlik ministrligine hem-de Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine ministrligiň Gurulýan desgalaryň direksiýasyny bellenen tertipde komitete birleşdirmek we ony direksiýanyň hukuk oruntutary diýip kesgitlemek tabşyryldy.

 

 

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetine girizmek tabşyryldy.

 

 

Şeýle hem resminama bilen, Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

 

* * *

 

“Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimligini döretmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 28-nji aprelinde çykaran 75-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimliginiň gurluşy we işgär sany tassyklanyldy.

 

 

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetine girizmek tabşyryldy.

 

 

* * *

 

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlaryna laýyklykda, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň ýaşaýyş jaý şertleri gowulandyrylmaga mätäç raýatlara kanunçylyga laýyklykda berilmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti “Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň meseleleri hakynda” Karara gol çekdi.