logo

Latest news:
✦ Garaşsyzlyk bahasyz gymmatlyk ✦ ✦ Ýokary derejedäki halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦
Home / Economics /Ahal welaýatynda täze ösüşleriň eýýamy dowam edýär
  25.02.2020
1666
Ahal welaýatynda täze ösüşleriň eýýamy dowam edýär

       Hormatly Prezidentimiziň: ,,Biziň alyp barýan syýasatymyzyň esasy maksady adamlaryň ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakdan, raýatlaryň abadan asuda we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr” diýen sözleriniň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň anyk mysaly gadymy Ahal topragynda bolup geçýän özgertmelerinde anyk beýanyny tapýar. Milli Lidermiziň bimöçber yhlas aladasy bilen welaýatymyzyň çäginde ähli amatly şertleri bolan häzirki zaman obalary,şäherleri, ýaşaýyş toplumlary guruldy, ilatly nokatlarda durmuş medeni maksatly döwrebap desgalar bina edildi.Bu gün Gökdepe etrabynyň Aba Annaýew, Täze eýýam obalary, Ak bugdaý etrabynyň Bereketli zaman, Berkarar şäherçeleri täze nusgalyk obadyr şäherçeler bolup, olarda bagtyýar maşgalalar durmuşyň hözürini görüp ýaşaýarlar, zähmet çekýärler. Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherçesiniň, Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň, şol etrabyň Babarap obasynyň,Kaka etrabynyň Duşak şäherçesiniň döwrebap keşbi hem bu gün göreniň ünsüni özüne çekýär. Uzak möhletleýin ýeňillikli bank karzynyň hasabyna gurlup, isleg raýatlaryň ygtyýaryna berilýän döwrebap ýaşaýyş jaýlaryň geriminiň barha giňemegi bilen welaýatymyzyň iň çetki ilatly ýerleriniň – obadyr, şäherçeleriň keşbi hem özgerýär. Ahal topragynda bina edilýän senagat maksatly kuwwatly kärhanalaryň sanynyň barha artmagy bolsa, welaýatymyzyň senagat pudagynyň ilerlemegine, ykdysadyýetiň ösmegine getirýär.