Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Garaşsyzlyk — üstünliklerimiziň özeni ✦ ✦ Ýaşlara berilýän terbiýäniň şu ýylky özeni Änew medeniýeti we Magtymguly Pyragynyň döredijiligi boldy ✦ ✦ Babamyrat Hamdamow 84 ýaşynda aradan çykdy ✦ ✦ Türkmenistanda Koreýa Respublikasynyň Ilçisiniň 12-nji taekwondo kubogy geçirildi ✦ ✦ Tejen şäherinde oglanlaryň arasynda sportuň kiçi “Futbol” görnüşi boýunça açyk çempionaty geçirildi ✦ ✦ Mekdebe çenli bilim ulgamynda çagalaryň irki ösüşine uly üns berilýär ✦ ✦ Tejen etrabynda wagyz-nesihat ýygnagy geçirildi ✦ ✦ “Milli mirasymyz  genji hazynamyz” ady bilen wagyz-nesihat  ýygnagy geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda halkara 'Kids Ekspo: Ähli zat çagalar üçin' sergi-ýarmarkasy geçirildi ✦ ✦ Awazada Hazar deňzi güni durnukly ösüşe bagyşlanyp bellendi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Ahal welaýatynda şu ýyl birnäçe täze desgalar ulanylmaga beriler
  11.05.2024
328
Ahal welaýatynda şu ýyl birnäçe täze desgalar ulanylmaga beriler

8-nji maýda Hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz dabaranyň açylyş pursatyndaky çykyşynda "Biz welaýatlarymyzda täze agyz suw desgalaryny we üpjünçilik ulgamlaryny gurmak, ozal bar bolanlarynyň durkuny täzelemek boýunça işleri geljekde-de netijeli dowam etdireris" diýip nygtady.

 

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl Bäherden etrabynda täze keramiki-bezeg önümlerini öndürýän kärhananyň, şeýle hem Tejen şäherinde kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň işe girizilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny belledi. Şeýle-de Ahal welaýatynyň çäginde birnäçe durmuş-medeni maksatly desgalar, döwrebap ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berler. Ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn ösdürmek, täze, döwrebap önümçilikleri döretmek boýunça maksatnamalaýyn işler üstünlikli dowam etdiriler diýip belläp geçdi.