logo

Latest news:
✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦
Home / Agriculture /Ahal welaýatynda galla hasylyny daşamaga awtoulaglaryň 2835-si gatnaşýar!
  07.06.2023
1138
Ahal welaýatynda galla hasylyny daşamaga awtoulaglaryň 2835-si gatnaşýar!

Ahal welaýatynda daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen guşgursak ak bugdaýyň soňky dänesine çenli ýygnap almak işleri dowam edýär. Welaýatda häzirki jogapkärli möwsümde işler sazlaşykly we utgaşykly ýola goýlandygyny bellemek gerek. Welaýatyň gallaçylary möwsümi guramaçylykly alyp barýarlar.

Şu ýyl welaýat boýunça 195 müň gektarda ýetişdirilen däneden hasylyň 400 müň tonnasyny almak maksat edinilýär. Häzir ýokary öndürijilikli kombaýnlaryň 567-si, şol sanda «John Deere» kysymly däne orujy tehnikalaryň 216-sy, «CLAAS» kysymly kuwwatly kombaýnlaryň 351-si bökdençsiz işledilýär. Awtoulaglaryň 2835-si hasyly daşamaga gatnaşýar. Welaýat boýunça uly göwrümli kabul ediş nokatlarynyň 42-si we elektron terezileriň 44-si hereket edýär.

Sebitde tehnikalara hyzmat edýän toparlaryň işine aýratyn üns gönükdirilýär. Kombaýn sazlaýjylardan, abatlaýjy mehaniklerden, kebşirleýjilerden ybarat toparlar tehnikalara iş üstünde hyzmat edýärler. Bu bolsa galla oragynyň gije-gündiz bökdençsiz alnyp barylmagyna şert döredýär.