Änew şäherindäki «Bagt ýyldyzy» toý mekanynda «Arkadag Serdarly ösüşlere beslenen Watanyň bagtyýar zenanlary» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde yglan eden bäsleşiginiň welaýat tapgyryna welaýatymyzyň ähli ýerlerinden bank ulgamynda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdy.
Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk şanly baýramyny, milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygyny dabaralandyrmak, halkymyzyň milli mirasyny, ene-mamalarymyzdan gelýän asylly ýol-ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy, maşgala mukaddesligini, sagdyn durmuş ýörelgelerini wasp etmek maksady bilen geçirilen özboluşly bäsleşik şertleriň üçüsinden ybarat boldy. Bäsleşigiň «Hünärim bar — hormatym bar» atly şerti boýunça çykyş eden zenanlar täze taryhy döwrümizde bank ulgamynda gazanylýan üstünlikleri, ýetilýän sepgitleri, alyp barýan işleriniň esasy ugurlaryny, şeýle-de hünärine bolan söýgüsini buýsançly, labyzly wasp etdiler. «Milli aşpezlik ukyplary» şertinde bäsdeşler «Bereketli türkmen saçagy» atly kitap boýunça toý saçagyny bezäp, onda bar bolan tagamlaryň taýýarlanylyşyny çeper beýan etmekde, şeýle-de unaş kesmekde başarnygyny görkezdiler.
Bäsleşigiň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýlip atlandyrylan şertinde bolsa, zenanlar şanly ýylyň şygaryny dabaraly wasp etdiler. Şonuň bilen baglylykda, olaryň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny wasp edip ýerine ýetiren aýdymlary, goşgulary, çeper okaýyşlary örän täsirli boldy.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň welaýat şahamçasynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň hem-de welaýat Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda toý ruhunda geçen bäsleşigiň dowamynda emin agzalary bank işgärleriniň çykyşlaryna hemmetaraplaýyn mynasyp baha berip, ýeňijileri kesgitlediler. Şeýlelikde, «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň Ak bugdaý etrap şahamçasynyň baş hünärmeni Kümüş Maksatmyradowa «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Ahal welaýat şahamçasynyň kassiri Gülnar Ýusubowa baýrakly orunlara mynasyp bolup, bäsleşigiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.