logo

Soňky täzelikler:
✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler
  07.09.2026
247
Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler

Güýz paslynyň salkyn howasy bilen türkmen topragyna täze ekerançylyk möwsümi - güýzlük bugdaý ekişi hem gelip ýetdi. Çörek - bu ýaşaýşyň gözbaşy, berekediň nyşany we her bir ojagyň mukaddesligidir. Şonuň üçin hem ene topraga atylýan her bir däne egsilmez rysgal-berekediň, eşretli durmuşyň gözbaşy hasaplanýar.

 

Hormatly Prezidentimiziň paýhasly baştutanlygynda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy täze ösüşlere, ýokary sepgitlere eýe bolýar. Ýakynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň welaýatlarynda ekerançylyk üçin örän jogapkärli döwür bolan güýzlük bugdaý ekişine 2-nji sentýabrda girişmäge ak pata berdi. Bu wajyp pursat daýhanlarymyzyň ruhuny göterip, olary täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrdy.

 

Her bir uly hem-de haýyrly işiň sakasy ýaşulularyň pata bermegi bilen başlanmagy halkymyzyň iň asylly däpleriniň biridir. Ahal welaýatynda hem il sylagly ýaşulular: "Bismilla, tohumyňyz müňlesin!" diýen ýagşy dilegler bilen ene topraga ilkinji tohumlary sepdiler. Munuň özi nesilden-nesle geçip gelýän ekerançylyk medeniýetimiziň we daýhançylyk däplerimiziň şu günki gün hem belent sarpalanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

 

Ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygyny we howpsuzlygyny üpjün etmekde uly goşant goşýan Ahal welaýatynyň gallaçylarynyň öňünde bu ýyl hem örän möhüm hem-de jogapkärli wezipeler durýar. Şu ýyl welaýat boýunça jemi 195 müň gektar meýdanda geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaý ekişini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu ägirt uly meýdanlarda gije-gündiziň dowamynda kuwwatly tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegi, agrotehniki kadalaryň doly we dogry berjaý edilmegi geljekki hasylyň girewi bolup durýar.

 

Elbetde, bugdaýyň hasyllylygynyň ýokary bolmagy, ilkinji nobatda, saýlanyp alnan tohumyň hiline we ýerli tebigy şertlere näderejede uýgunlaşýandygyna baglydyr. Edermen gallaçylarymyz bu babatda hem ylmy çemeleşmeleri iş ýüzünde ulanýarlar. Şöhratly zähmetkeşlerimiz ekerançylyk meýdanlarynda bugdaýyň diňe bir bol hasyl berýän däl, eýsem, ýerli toprak-howa şertlerine doly uýgunlaşan görnüşlerini ekýärler. Hususan-da, şu möwsümde «Serdar», «Arkadag», «Pyragy», «Alekseiç» we «Bezostaýa» ýaly bugdaý görnüşlerine aýratyn orun berilmegi möhüm ähmiýete eýedir.

 

"Biriň müň bolsun, gallaçy!" - bu jümle diňe bir ýönekeý dileg bolman, eýsem, zähmetkeş daýhanlarymyza, olaryň irginsiz yhlasyna goýulýan belent sarpanyň beýanydyr.

Amangeldi Annadurdyýew,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby