logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Ahal welaýat ýörite sungat mekdebi «Açyk gapylar» gününe çagyrýar!
  24.05.2023
1601
Ahal welaýat ýörite sungat mekdebi «Açyk gapylar» gününe çagyrýar!

2023-2024-nji okuw ýylynda Ahal welaýat ýörite sungat mekdebinde okamaga isleg bildirýän ýaşlary şu ýylyň 27-nji maýynda we 10-njy iýunynda geçirilýän «Açyk gapylar» gününe çagyrýar.

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar sungat mekdebi bilen tanyşdyrylar, olara okuwa girmek üçin talap edilýän resminamalar, öwredilýän hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik hem-de medeni-köpçülik işleri, talyplaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri barada giňişleýin maglumat berler. Şeýle hem ýaşlar özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap alyp bilerler. 

«Açyk gapylar» güni görkezilen salgyda sagat 11:00-da geçirilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Arkadag köçesiniň 1-nji jaýy.

Telefon: 33-52-41.