Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýanyň saglyga peýdasy we onuň köp ugurly ulanylyşy ✦ ✦ Kitap okamagyň peýdalary ✦ ✦ Ekologiýa: daşky gurşawy goramagyň ähmiýeti ✦ ✦ Emeli aň, onuň görnüşleri we ulanylyş gerimi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaplary geljekki nesiller üçin pähim-paýhas mekdebi ✦ ✦ Stomatologiýada ulanylýan enjamlaryň fiziki häsiýetleri ✦ ✦ Ylmy eserleriň ýaş nesli terbiýelemekdäki ähmiýeti ✦ ✦ Ak şäherim Aşgabat ✦ ✦ Halkara fiziologiýa merkeziniň saglygy goraýyşdaky ähmiýeti ✦ ✦ Narpyzyň adam saglygyna täsiri ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Agrosenagat pudagy ýokary depginde ösdürilýär
  19.12.2024
102
Agrosenagat pudagy ýokary depginde ösdürilýär

Her bir döwlet öz ilatyny azyk önümleri bilen üpjün etmegiň ýoluny, usullaryny, döwlet goldawynyň görnüşlerini diňe bir ýurduň öz içinde ýa-da sebitde däl, eýsem, dünýäde kemala gelen ýagdaýlary nazara almak arkaly özi kesgitleýär. Çünki, azyk howpsuzlygyna ilkinji nobatda azyk garaşsyzlygyny gazanmak arkaly ýetilýär. Agrosenagat toplumynyň esasy wezipesi ýurduň azyk garaşsyzlygyny üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Ýöne agrosenagat toplumy azyk garaşsyzlygyndan başga-da ýeňil senagatynyň pudaklaryny oba hojalyk çig maly bilen üpjün etmek bilen meşgullanýar.

 

Azyk howpsuzlygyny gazanmaga gönükdirilen möhüm çäreleriň arasynda – oba hojalygynyň tehniki taýdan üpjünçiligini gazanmak, önümçilige iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly çäreler bar. Çäreleriň üçünji iri toplumy oba hojalyk toplumyny, şol sanda möhüm oba hojalyk önümlerini öndürmäge döwlet buýurmasyny saklamak bilen, ýeri salgytdan boşatmak bilen baglydyr. Döwlet buýurmasy boýunça oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin kärendeçiler tarapyndan amala aşyrylýan önümçilik çykdajylarynyň elli göterimi döwletiň hasabyna ýapylýar. Ýurduň oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin ýangyz-çalgy ýag serişdelerine we mineral dökünlerine ýeňilleşdirilen bahanyň döwlet tarapyndan goldanylmagy möhüm bolup durýar.

 

Agrosenagat toplumy ulgamynda senagatçylar we telekeçiler gatlagy işjeň ýagdaýda emele gelýär. Azyk howpsuzlygyny gazanmak ugrunda Türkmenistanyň toplan tejribesi dünýä ýüzünde uly gyzyklanma döredýär. Obasenagat toplumynyň ähli kuwwatlyklaryndan doly derejede peýdalanmak, önüm öndürijilere goldaw bermek, azyk bolçulygyny üpjün etmek, ýokary hilli önümleriň önümçiligini artdyrmak, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri öz içine alýan düýpli özgertmeleri amala aşyrmakda ýurdumyzyň oňyn tejribesiniň bardygyny bellemek gerek. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, degişli ugurda iň gowy dünýä tejribesiniň öwrenilmegine we ornaşdyrylmagyna, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär. Uzak geljekde Türkmenistany azyk howpsuzlygy bilen üpjün etmek maksady bilen, oba hojalyk önümlerine döwletiň we bazaryň nyrhlarynyň iň amatly utgaşdyrylmagy ýaly ugurlar boýunça meýilnamalar işlenip düzülýär. 

 

Azat KELHANOW,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň talyby.