logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Adyň ýüreklerde aýdym, Pyragy!
  14.04.2023
986
Adyň ýüreklerde aýdym, Pyragy!

Beýik akyldar, ajaýyp söz ussady, öz döredijiliginde durmuşyň ähli taraplaryny iňňän synçylyk bilen beýan edip bilen Magtymguly atamyz diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň, alymlarynyň, şahyrlarynyň ýokary bahasyna mynasyp bolan nusgawy şahyrdyr.

Beýik söz ussadymyzyň bu nesihatyndan ugur alnyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli, sagdyn ruhly, ilhalar, watansöýüji, arassa ahlakly, sagdyn bedenli bolup ýetişmekleri üçin uly aladalar edilýär.

Bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda – berkarar döwletde ýaşamak bilen, nusgawy şahyryň döredijiligine, edebi mirasyna uly sarpa goýýar. Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly Karara gol çekmegi hem munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Bu Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr.

Bütindünýä ady dolan Gündogaryň akyldar şahyry, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň döredijiligi gözelligiň merjenidir. Halkymyzyň söz sungatynyň kerwenbaşysy hasaplanýan nusgawy şahyrymyzyň eserleri hut ynsanyň ýüreginiň töründe orun eýeleýär. Sebäbi şahyryň döredijiliginiň özeni türkmeniň gadymy hem baý halk döredijiliginden gözbaş alýar. 

 

Kuwat ŞANÝAZOW, 

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.