logo

Latest news:
✦ Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy ✦ ✦ Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy ✦ ✦ Daşary işler ministrliginde Gruziýanyň Adalatçysy bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri ✦ ✦ Diplomatiýa — hem ylym, hem sungat ✦ ✦ Terbiýeçilik mekdebi ✦ ✦ Ýaş nesliň kämilligi ugrunda ✦ ✦ Gonkongda türkmen-hytaý atçylyk medeniýetine bagyşlanan sergi geçirildi ✦ ✦ Anadoluda gadymy siwilizasiýalaryň täze syrlary açylýar ✦ ✦ Porsche 100 göterim gaýtadan işlenen materially akkumulýator elementlerini synagdan geçirýär ✦
Home / Health /Adamyň ýatkeşligi nähili işleýär?
  07.03.2026
2159
Adamyň ýatkeşligi nähili işleýär?

Adam beýnisi adam bedeniniň iň bir täsin organlarynyň biridir. Onuň iň möhüm mümkinçilikleriniň biri bolsa — maglumatlary ýatda saklamak we zerur wagtda olary ýatlamak ukybydyr. Ýatkeşlik diňe bir öwrenmek üçin däl, eýsem gündelik durmuşda dogry karar kabul etmek, tejribe toplamak we şahsyýetiň emele gelmegi üçin hem möhüm rol oýnaýar.

Alymlaryň aýtmagyna görä, adam beýnisinde milliardlarça nerw öýjükleri — neýronlar bar. Bu öýjükler biri-biri bilen elektrik we himiki signallar arkaly aragatnaşyk edýär. Täze maglumat alanymyzda, neýronlaryň arasynda täze baglanyşyklar emele gelýär. Hut şol baglanyşyklar hem maglumatlaryň beýnide saklanmagyna kömek edýär.

Ýatkeşligiň birnäçe görnüşi bar. Mysal üçin, gysga möhletli ýatkeşlik birnäçe sekuntdan birnäçe minuda çenli dowam edýär. Uzaga çekýän ýatkeşlik bolsa ýyllap, hatda bütin ömrüň dowamynda saklanyp bilýär. Täze maglumatlaryň uzak möhletli ýatkeşlige geçmegi üçin beýniniň “gippokamp” diýlip atlandyrylýan bölegi hyzmat edýär.

Gyzykly tarapy şudur, beýnimiz diňe maglumatlary ýazga alman, olary tertipleşdirýär hem-de möhüm we möhüm däl maglumatlaryň arasynda saýlama edýär. Şonuň üçin duýgular bilen baglanyşykly wakalar köplenç has gowy ýatda galýar.

Ýatkeşligi güýçlendirmek üçin alymlar birnäçe peýdaly endikleri maslahat berýärler. Ýeterlik uky almak, täze maglumatlary gaýtalamak, sagdyn iýmitlenmek we beýnini işjeň saklaýan okuw hem-de pikirlenme maşklary beýniniň has gowy işlemegine kömek edýär. Şeýle hem, her gün, gije uka gitmezden öň şol günüň dowamynda edilen zatlary gaýtalap, ýatlamak ýatkeşligi kämilleşdirmek üçin özboluşly bir usul hökmünde maslahat berilýär.

Umuman, adam beýnisiniň ýatkeşligi örän çylşyrymly, ýöne täsin bir ulgamdyr. Ony ösdürmek we gorap saklamak bolsa her bir adamyň gündelik durmuş endiklerine baglydyr.
 


Gülälek Jumagulyýewa
Hojambaz etrabyndaky 25-nji orta mekdebiň biologiýa mugallymy