logo

Soňky täzelikler:
✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦
Baş sahypa / Medeniýet /8-nji mart — Halkara zenanlar güni!
  04.03.2026
1016
8-nji mart — Halkara zenanlar güni!

Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir güni şanly wakalara, toý-baýramlara beslenýär. Halkara zenanlar güni hem Watanymyzyň zenanlaryna hormat goýulýan aýratyn ähmiýetli baýramlaryň biridir. Bu sene mynasybetli giň gerimli dabaralar geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Permany esasynda zenanlara pul sowgatlarynyň berilmegi, köp çagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly adyň dakylmagy hem-de täze ýaşaýyş jaýlarynyň gowşurylmagy zenanlara görkezilýän belent sarpanyň aýdyň beýanydyr.

 

Zenanlar milli mirasymyzy gorap saklamakda we ony geljek nesillere ýetirmekde möhüm orny eýeleýärler. Olar halk dessanlarynda, rowaýatlarynda, eposlarynda we halk aýdymlarynda wasp edilýän mukaddes keşplerdir. Asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyz zenan mertebesini belent tutup, oňa sarpa goýmagy mukaddes däbe öwrüpdirler. Ene maşgalanyň ýyly ojagy, jemgyýetiň ahlak we ruhy sütünidir. Şonuň üçin ene mukaddeslik hökmünde Watan we toprak bilen deň tutulýar.

 

Taryhymyzda Rodoguna, Zarina, Tumar şa, Merjen hatyn, Altynjan hatyn we beýleki meşhur zenanlar öz döwründe beýik işler bitirip, öçmejek yz galdyrypdyrlar. Şeýle-de türkmen zenanlarynyň çeper elli döredijiligi netijesinde dünýä meşhur halyçylyk we keşdeçilik sungaty biziň günlerimize ýetirilipdir.

 

Garaşsyzlyk ýyllarynda Halkara zenanlar güni täze many bilen baýlaşdyrylyp, köp çagaly maşgalalara döwlet tarapyndan giň goldaw berilýär. Her ýyl “Ene mähri” hormatly adyna mynasyp bolan eneler sarpalanýar, täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşurylýar hem-de ähli zenanlara pul sowgatlary berilýär. Bu bolsa ýurdumyzda zenanlara goýulýan belent hormatyň aýdyň subutnamasydyr.

 

Nurgül ALLABERENOWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet

mugallymçylyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.