logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /24 — 29-njy iýun aralygynda Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligi geçiriler!
  03.06.2023
956
24 — 29-njy iýun aralygynda Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligi geçiriler!

2-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň barşynda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçiriljek Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

24 — 29-njy iýun aralygynda geçirilmegi göz öňünde tutulan çärelere Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň wekilleriniň, şeýle hem TÜRKSOÝ-nyň Sekretariatynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, netijeli halkara gatnaşyklaryň möhüm şerti hökmünde medeni diplomatiýanyň ilerledilmeginiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Şunda abraýly guramalar bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Şol guramalaryň hatarynda TÜRKSOÝ hem bar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligine taýýarlyk görmegiň we ony geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini tabşyrdy.