logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /2024-nji ýyl «Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýlip yglan edildi
  07.11.2022
1387
2024-nji ýyl «Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýlip yglan edildi

Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ-yň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisinde gelnen çözgüde laýyklykda, 2024-nji ýyl Türki döwletleriň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan «Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýlip yglan edildi.

Belläp geçsek, 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýokary derejede bellemek hakynda degişli Karara gol çekdi we ýörite guramaçylyk topary döredildi.