logo

Latest news:
✦ Garaşsyzlyk — Watanymyzyň ganaty ✦ ✦ Geňeşli il — döwletli il ✦ ✦ Garaşsyzlyk bahasyz gymmatlyk ✦ ✦ Ýokary derejedäki halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦
Home / Technology /2022-nji ýylda iň köp satylan telefon markasy
  23.12.2022
1392
2022-nji ýylda iň köp satylan telefon markasy

«Counterpoint» kompaniýasy tarapyndan berlen maglumatlara görä, 2022-nji ýylyň soňky çärýeginde umumy telefon satuwynyň 12 göterim peselendigi aýdylýar. Bu pese gaçmaga garşy durup biljek ýeke-täk «Apple» kompaniýasy boldy. Täze satuwa çykarylan «iPhone 14» telefony bilen kompaniýa 7 göterim ösüş gazandy.

Ýylyň soňky çärýeginde «Samsung» 4 göterim, «OPPO» 27 göterim, «Xiaomi» 4 göterim pese gaçdy. Bu mesele boýunça beýanat beren tehnologiýa analitigi Harmeet Singh Walia: 

« Şu ýyl «5G» jübi telefonlarynyň söwdasy ykdysadyýete 80 milliard dollar girdeji getirdi. Bu görkeziji geçen ýylyň üçünji çärýeginde 69 göterimden geçip, iň ýokary derejä ýetdi. Şol döwürde «LTE» jübi telefonlarynyň girdeji goşandy 10% peseldi we 19 milliard dollar boldy. «Apple» kompaniýasynyň şol wagtlar diňe «5G» jübi telefonlaryny satuwa çykarmasy kompaniýanyň telefon satuwynyň ýokarlanmagyna itergi berdi. » - diýip belläp geçdi.

Netijede, 2022-nji ýylda iň köp satylan telefon markasy «Apple» boldy. 

 

Seýran ÖWEZMÄMMEDOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.