Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: Tematiki sergiler geçiriler ✦ ✦ Saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergisi geçiriler ✦ ✦ Türkmen-horwat bilelikdäki ykdysady forumy geçiriler ✦ ✦ «Awaza» halkara forumyna giň gerimli taýýarlyk işleri dowam edýär ✦ ✦ Türkmenistan bilen Ruanda Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy ✦ ✦ LLDC3 maslahatyna taýýarlyk işleri görülýär ✦ ✦ Awazada geçiriljek LLDC3 forumyna 30-dan gowrak döwlet Baştutany gatnaşar ✦ ✦ Däne hasylynyň ätiýaçlygy pugtalandyrylýar ✦ ✦ Ekologiýa Hereketinden Çagalar Üçin Medeniýet we Bilim Bileleşmesi ✦ ✦ Türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň şahadatnamalary gowşuryldy ✦
Baş sahypa / Syýasat /1-nji noýabr – milli manadymyzyň dolanyşyga girizilen güni
  01.11.2022
786
1-nji noýabr – milli manadymyzyň dolanyşyga girizilen güni

Milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini, döwletliligimizi alamatlandyrýan milli manadymyz 1993-nji ýylyň 1-nji noýabryndan ýeke-täk töleg we hasaplaşyk serişdesi hökmünde dolanyşyga girizildi. 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda milli manadymyzyň denominasiýasy geçirilip, täze özgertmelere badalga berildi. Ýurdumyzda milli manadymyzyň dolanyşyga girizilen gününden bäri geçen döwürde onuň durnuklylygyny saklamak boýunça uly işler bitirildi.

Milli pul – her bir döwletiň ykdysadyýetiniň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, geçmişe hem nazar aýlanymyzda, pul esasy alyş-çalyş serişdesi hökmünde çykyş edipdir. Dürli döwürlerde pullaryň dürli görnüşleriniň ulanylyp başlanmagy bilen döwletleriň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň çägi barha giňäpdir. Wagtyň geçmegi bilen bolsa pul düşünjesi ynsanyň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülipdir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet syýasaty netijesinde uly üstünlikler gazanylýar. Bu syýasatyň çäklerinde milli manadyň satyn alyp bilijilik ukybyny durnukly saklamak, bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, hil taýdan täze, has ýokary derejä götermek, bank ulgamyna dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullaryny we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, manadyň hümmetini ýokarlandyrmak, netijeli maliýe gurallaryny işläp düzmek ýaly köpugurly işler üstünlikli amala aşyrylýar. Milli manadymyzyň üsti nagt däl hasaplaşyklaryň bank kartlary, elektron pul kartlary, elektron pul we elektron gapjyk ýaly döwrebap gurallar esasynda ýetirilip, ýurdumyzyň raýatlary «Altyn asyr», «Maşgala», «Goýum bank karty» ýaly bank kartlaryny peýdalanmak mümkinçiligine eýedir. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» çäklerinde ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen, elektron söwda ýaly onlaýyn bank hyzmatlary ornaşdyrylyp, ol yzygider kämilleşdirilýär. Milli ykdysadyýetimiziň barha ösmegi, ilatymyzyň durmuş derejesiniň has-da gowulanmagy ugrunda tagallalar edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, mertebesi belent bolsun! 

 

Gülöwser KURBANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby.