Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Saragt Babaýew – döredijilikli zähmetden ylham alan ussat ✦ ✦ Çeperçilik akademiýasynda döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlendi ✦ ✦ Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça gol çekdi ✦ ✦ Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy ABŞ-nyň Kent uniwersitetinde dabaraly bellenildi ✦ ✦ Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyklar giňeldilýär ✦ ✦ Tejen etrabynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti barada tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik ✦ ✦ Ýaşulylara bagyşlanan dabara: Tejen ttrap häkimliginde maslahat ✦ ✦ Tejende Halkara Ýaşulular gününe bagyşlanan baýramçylyk dabarasy ✦ ✦ Tejende ýeňil atletika bäsleşiginde 36-njy mekdep birinji orny eýeledi ✦ ✦ Tejende stol üstünde oýnalýan tennis ýaryşy geçirildi ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /1 million tonnadan gowrak bugdaý Watan harmanyna tabşyryldy
  28.06.2024
202
1 million tonnadan gowrak bugdaý Watan harmanyna tabşyryldy

Ýurdumyzyň edermen gallaçylarynyň Watan harmanyna tabşyran guşgursak bugdaýynyň möçberi 1 million tonnadan geçdi. Galla oragynyň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde ýetilen bu sepgit oba zähmetkeşleriniň arzyly pellehana barha golaýlaýandygyndan, ajaýyp zähmet üstünliklerini gazanjakdyklaryndan habar berýär.

 

Geçen ýylyň güýzünde ekilen bugdaýdan bereketli hasyl almak üçin hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, daýhanlar ýokary öndürijilikli, kuwwatly oba hojalyk tehnikalarydyr gurallar bilen bökdençsiz üpjün edildi. Bu bolsa gallaçy kärendeçilere ideg işlerini, agrotehniki çäreleri öz wagtynda ýokary hilli geçirmäge mümkinçilik berdi. Oba zähmetkeşleri gerek mukdardaky mineral dökünler, ekinleriň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeler bilen hem öz wagtynda üpjün edildi, üstesine ýagynly günler, amatly howa şertleri ekine oňyn täsirini ýetirdi. Bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy bolsa daýhanlaryň işe bolan höwesini has-da artdyrdy.

 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň hasyly üçin 690 müň gektarda ýetişdirilen dokmaňyz ak bugdaýdan 1 million 400 müň tonna hasyl almagy maksat edinen gallaçylar orak möwsümini depginli alyp barýarlar. Dünýä belli meşhur kompaniýalaryň «John Deere» hem-de «CLAAS» kysymly kämil tehnologiýaly, ýokary öndürijilikli kombaýnlarynyň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar. Gyzgalaňly günlerde elewatorlarda, galyberse-de, galla önümleri kärhanalarynda alnyp barylýan işler öwgä mynasyp. Olarda edermen daýhanlarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen guşgursak ak bugdaý bildirilýän talaplara laýyklykda kabul edilýär. 

 

Bu gün gözýetime uzaýan tylla öwüşginli, bereketli meýdanlarda päk zähmet barha joş alyp, oragyň depgini sazlaşykly ýokarlanýar. Şeýle zähmet depgininiň üpjün edilmegi ak ekin ussatlarymyzyň gysga wagtyň içinde harmana goşan guşgursak bugdaýynyň möçberiniň 1 million tonnadan geçmegine şert döretdi. 

 

Wepa HALYMOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň mugallymy.