Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Talyp ýaşlar sungatda öwrenen hünärini ylmy esasda açyp görkezýärler ✦ ✦ Uçurumlaryň taslama işlerinde döwrüň çeper beýany ✦ ✦ Ahal welaýatynda medeniýet hepdeligi geçirildi ✦ ✦ 4000-den gowrak adam Watanyna Türkmenistanyň üsti bilen dolandy ✦ ✦ Ýaşlar etnografiýa muzeýine gezelenç etdiler ✦ ✦ Meteorid daşy ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi ✦ ✦ Sanly ulgam - ösüşiň binýady ✦ ✦ Medeniýet hepdeligine badalga berildi ✦ ✦ Merkezi Aziýa ýurtlarynyň küştçüleri «Aşgabat 2025» halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler ✦ ✦ Galla - biziň baýlygymyz ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Zeminiň görki zenanlar
  07.03.2020
681
Zeminiň görki zenanlar

     Berkarar Türkmen döwleti rowaçlyklar ýoly bilen öňe barýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe  ýurdumyzda ähli raýatlar bilen bir hatarda türkmen zenanlary üçin döwlet tarapyndan uly aladalar edilýär.

          Zenanlaryň hukuklarynyň goragy, deňhukuklylygy her bir maşgalanyň abadançylygy we jemgyýetiň dowamaty, sagdyn we ruhubelent nesiller üçin kämil şahsyýetleriň kemala gelmegi möhüm şertleriň biridir. Ata-babalarymyzdan gözbaş alyp gaýtýan zenana bolan hormat häzirki wagtda gelin-gyzlaryň jemgyýetde deňligine, zenanlarymyzyň ýokary jemgyýetçilik-syýasy mertebä eýe bolmagynda, olaryň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna deň derejede işjeň gatnaşmagy üçin oňaýly şertler döredilýär.  

           Ýurdumyzyň geljegi arassa ruhda terbiýelenýän, çuňňur bilim-terbiýe berilýän ýaş ösdürimlerinde görünýär. Ata-babalarymyzdan miras galan terbiýe mekdebi, ruhy-ahlak ýörelgeler adamkärçilik sypatlaryny, ynsanlyk ölçeglerini açyp görkezýär. Türkmen öz perzendiniň edepli-ekramly, maksadaokgunly, birsözli, tutanýerli, myhmansöýer, edenli, asylly, ahlakly bolup ýetişmegi üçin uly aladalar edýär. Ene süýdi ýaly halal, päk terbiýe alan nesiller röwşen geljegimiziň kepilidir, berkarar döwletiň ýaraşygydyr.

         Hut şonuň üçin hem zenanlaryň baýramçylygy mynasybetli her ýylda geçirilýän dabaralarda köp çagaly eneleri sylaglamak çäresi asylly däbe öwrüldi. Her ýylyň mart aýynyň 8-ne Halkara zenanlar güni uly toý baýramlara beslenip  ýokary derejede bellenilmegi,  Halkara zenanlar güni mynasybetli gelin-gyzlarymyza pul sowgatlarynyň gowşurylmagy ähli türkmen raýatlaryny şunuň bilen bir hatarda biz zenanlary çäksiz buýsandyrýar, guwandyrýar. Şeýle hem ýurdumyzda 8 hem-de ondan köp çagaly eneler “Ene mähri” hormatly adynyň dakylmagy, medal bilen sylaglanylmagy diýseň guwandyryjydyr. Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda hem “Ene mähri” sylagyny alan zenanlarymyz 34 sany bolup, şu ýyl, “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda etrabymyzda 1 enämiz bu sylaga hödürlendi.

         Halkara zenanlar güniňiz gutly bolsun mähriban gelin-gyzlar!