logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Science and Education /ZEHINLILER ÝEŇIJI BOLDULAR
  09.03.2020
2119
ZEHINLILER ÝEŇIJI BOLDULAR

     Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe  “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynda mekdep okuwçylarynyň giň dünýägaraýyşly, aň-düşünjeli bolmagy ugrunda ýurdumyzda uly işler durmuşa ornaşdyrylýar. Munuň şeýledigini bilim ulgamy boýunça geçirilýän bäsleşikler hem şaýatlyk edýär. Mart aýynyň 02-03-i aralygynda “Altyn asyryň altyn zehinlileri” atly bäsleşigiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi. Oňa dersleriň 10 görnüşi boýunça bäşleşigiň etrap-şäher tapgyry boýunça ýeňiji bolanlaryň 106 sanysy gatnaşdy.

        Bu bäsleşigiň welaýat tapgyrynda özleriniň ukyp başarnyklaryny we zehinlerini görkezdiler. Tejen şäheri boýunça bolsa okuwçylarynyň 49 sanysy baýrakly orunlara mynasyp boldylar. Bäsleşigiň netijesinde Tejen şäheriniň mekdep okuwçylary özleriniň has hem zehinlidiklerini görkezip, baýrakly 1-nji orna düşmegi başardylar. Bäsleşigiň ýeňijileri Ahal welaýatynyň Baş bilim müdirliginiň hormat hatlaryna mynasyp boldylar.