logo

Latest news:
✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦ ✦ «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi ✦ ✦ GDA-nyň DIM-niň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi ✦
Home / Economics /Zähmet kanunçylygyna bagyşlandy
  15.01.2020
910
Zähmet kanunçylygyna bagyşlandy

     Änew şäherindäki Milli “Ak bugdaý” muzeýinde ýurdumyzda zähmet kanunçylygyny berjaý etmegiň meselelerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Welaýat Zähmet we ilaty iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň, welaýat kazyýetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde guramagynda geçirilen wagyz-nesihat, düşündiriş häsiýetli maslahata dürli pudaklaryň wekilleri, şol sanda telekeçiler gatnaşdy.

    Maslahatda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak,  ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler, tamamlanyp barýan ýylda bu ugurda ýetilen sepgitler barada welaýatda durmuşa geçirilýän netijeli işleriň mysalynda täsirli gürrüň edildi, zähmetkeşleriň döredijilik işjeňligini ösdürmekde, agzalarynyň zähmet hukuklaryny  goramakda we olaryň hünär derejesini kämilleşdirmekde, döwrüň talabyna laýyk gelýän iş we dynç alyş şertlerini gurnamakda  alnyp barylan işler dogrusynda aýdyldy.

      Maslahatda çykyş edenler  «Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» bellenilen çäreler, zähmet kanunçylygynda göz öňüne tutulan wezipeleri berjaý etmek boýunça durmuşa geçirilýän  işler hakynda aýratyn durlup geçildi. Bellenilişi ýaly, ilatyň iş bilen meşgul bolmagy ýurduň ykdysady we durmuş ösüşine özüniň düýpli täsirini ýetirýär. Iş bilen üpjünçilik adamyň maddy üpjünçiliginiň kepili bolup durýar. Munuň özi ykdysadyýetiň öndürijiligini ösdürmek, jemgyýetde jebisligi berkitmek ýaly möhüm durmuş meseleleriniň çözgüdiniň girewidir. Şoňa görä-de, ýurdumyzda zähmet gorlaryny netijeli dolandyrmak, zähmet bazarynyň meselelerini oňyn çözmek, raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklarynyň göwnejaý amala aşyrylmagy üçin şertleri döretmek boýunça çärelere döwlet syýasatynda uly orun berilýär.


      Maslahata gatnaşyjylar halkymyzy eşretli geljege, ata Watanymyzy rowaçlyklaryň ýoly bilen öňe alyp barýandygy üçin Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.