logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Culture /ÝYLYŇ ZENANY
  16.01.2020
992
ÝYLYŇ ZENANY

   Kaka etrabynyň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň zenanlarynyň arasynda yglan edilen “Ýylyň zenany” atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi.  Oňa halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlar gatnaşyp,  jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda alyp barýan işleri boýunça ukyp-başarnygyny görkezdiler.

    Bäsleşigiň etrap tapgyryna gatnaşyjy bagtyýar zenanlar, ilki bilen, medeni ogajyň giň eýwanynda guralan milli öwüşginli sergi bilen tanyşdylar. Sünnälenilip ýerine ýetirilen el işleriniň sergi köp öwüşginligi we baý many-mazmunlygy bilen gyzyklanma eýe boldy. Sergiden göwünleri göterilen zenanlar gezekli-gezegine bäsleşigiň degişli şertleri boýunça çykyş etdiler.

      Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenanlaryň önümçilige, ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyna ýardam etmek, olaryň ähli ugurlardaky ornuny we işjeňligini ýokarlandyrmak, tekliplerini we öwrenmek we goldamak, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň zenanlara goýýan sarpasyna jogap etmek we zenanlaryň başarnygyny hem-de ukybyny açyp görkezmek maksady bilen geçirilen bäsleşik uly gyzyklanma döretdi. Ol ýere ýygnananlar zenanlaryň her biri çykyşyny gyzyklanma bilen synladylar.

     Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap  bölüminiň bilelikde guramagynda bolan bäsleşigiň netijesinde etrapdaky 3-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi G.Öwezowa, Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi T.Baýramdurdyýewa, 19-njy orta mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri baradaky orunbasary O. Bäşimowa dagy degi’li ugurlar boýunça ýeňiji boldy. Ýeňijilere bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk berildi we olara ýörite sowgatlar gowşuryldy.