Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Syýasat /Ýylyň şygary – kalbyň owazy
  04.01.2023
920
Ýylyň şygary – kalbyň owazy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän beýik işler ýurdumyzyň ösüşini üpjün edýär. Äh­li ugur­la­r­da üs­tün­lik­le­re bes­le­nen 2022-nji ýyl ta­mam­lan­dy. Türkmen halky uly ösüşler bilen 2023-nji ýyla gadam basdy.

Tä­ze ýy­ly­ uly ru­hu­be­lent­lik bi­len gar­şy alan il­deş­le­ri­mi­ziň kal­byn­da buý­sanç bar. Çün­ki 2023-nji ýy­ly­myz «Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly» şy­ga­ry bi­len her bi­ri­mi­ziň ýü­re­gi­miz­de buý­sanç dö­red­ýär. Bu buý­sanç ýaş­la­ry­ň kal­byn­da has-da ýo­ka­ry­dyr. Ýaş­la­ry­myz röw­şen gel­je­gi­miz bolmak bilen, şu gün­ki be­ýik ösüş­le­ri­mi­ze go­şant goş­ýar­lar. Şo­nuň üçin hem bu ýyl­da ýaş­laryň ylym-bi­lim öw­ren­mä­ge bo­lan hö­wes­le­ri has-da ýo­ka­ry bo­lar, olar dö­re­di­ji­lik­li ýol­lar­da üs­tün­lik ga­za­nar­lar.

Ýaş­lar ha­kyn­da ala­da et­mek, ola­ryň ylym­ly-bi­lim­li bol­ma­gy ýur­du­myz­da ýö­re­dil­ýän sy­ýa­sa­tyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bu ugur şu gü­nü­mi­zi, röw­şen gel­je­gi­mi­zi na­zar­lap, ýaş ne­sil­le­riň kä­mil şah­sy­ýet­ler bol­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär. Bu gün­ki gün­de bag­ty­ýar ýaş­la­ry­my­zyň giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, ylym-bi­lim­li bol­mak­la­ry üçin äh­li şert­ler, giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de bi­lim öz­gert­me­le­ri üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ýar. Şun­da «Türk­me­nis­tan­da san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy» üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Mu­nuň özi ýur­du­myz­da san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň mak­sa­dy­ny, we­zi­pe­le­ri­ni we esa­sy ugur­la­ry­ny kes­git­le­ýär. Kon­sep­si­ýa­nyň esa­sy mak­sa­dy ýur­du­my­zyň in­no­wa­sion ösü­şi­ne la­ýyk­lyk­da, bi­lim ber­me­giň äh­li bas­gan­çak­la­ry­ny ýo­ka­ry hil­li elekt­ron bi­lim mag­lu­mat­la­ry bi­len üp­jün et­mek­den, san­ly se­riş­de­le­ri giň­den peý­da­la­nyp, bi­lim eda­ra­la­ryn­da be­ril­ýän bi­li­miň maz­mu­ny­ny baý­laş­dyr­mak­dan, hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak­dan we okat­ma­gyň usu­ly­ýe­ti­ni kä­mil­leş­dir­mek­den yba­rat­dyr.  

 

Enejan BURINOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.