logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Agriculture /Ýylyň ilkinji pilesi
  12.04.2023
1515
Ýylyň ilkinji pilesi

Ýurdumyzyň Gündogar sebiti ýüpek gurçugyny idetmeklige ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda girişip, döwlete pile tabşyrmak baradaky borçnamalaryny hem ilkinji bolup berjaý etmeklerinde-de toprak-howa şertleriniň täsiri bolsa bardyr welin, bu işiň kynçylygy-da, azaby-da, hysyrdysy-da ýeterlik. Şonuň üçin oňa çäksiz zähmet siňdirilip, yhlas bary edilýär. Bu hakykata «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda döwlete pile tabşyrmak barada boýun alan borçnamalaryny ilkinjileriň hatarynda berjaý edip, ýokary netije gazanan kerkili ýüpekçileriň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar.

Köp ýyllaryň dowamynda ýüpek gurçugyny idedip, kesbini kämilleşdiren Kerki etrabynyň «Hatap» daýhan birleşiginiň ýüpekçisi zähmetsöýer, nurana ýüzli mährem zenan Gözel Nazargylyjowa hem irginsiz zähmetiniň netijesinde, şu ýylda ýurdumyz boýunça ilkinji bolup, pile tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen ýerine ýetirmegi başardy.

Gözel Nazargylyjowa 44 kilogram pile hasylyny sebitde ilkinji bolup Watan harmanyna tabşyrandygyny aýtmak bolsa buýsandyryjy buşlukdyr. Ýeri gelende sebitiň ähli etraplarynda pile kabul ediş we guradyş bölümleriniň pile kabul etmeklige doly taýýar edilendigini belläp geçmeli.

Lebap welaýatynyň ýüpekçileri şu möwsümde ykdysadyýetimiz üçin gymmatly çig mal bolan piläniň bir müň on tonnasyny öndürmekligi maksat edinýärler. Bu bolsa ýurdumyzda jemi öndürilýän piläniň 50 göterimine golaýydyr. Şu möwsümde welaýatda öz işine ussat, tejribeli ýüpekçileriň 21 müňden gowragy bilen şertnama baglanyşylyp, 25 müň 250 guty ýüpek gurçugy pileçi-kärendeçilere paýlanyp berildi. Häzirki wagtda ýüpekçilik hojalyklarynda gurçuklary idetmeklik işleri gyzgalaňly dowam etdirilýär. 

 

Nurnabat JÜTDIÝEWA,

Aşgabat şäher agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
talyby.