Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberdi ✦ ✦ Türkmenistan “Halal Expo 2025” sergisine gatnaşar ✦ ✦ Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze okuw binasy açyldy ✦ ✦ “Ýol hereketiniň howpsuzlygy- ömrümiziň rahatlygy” ✦ ✦ «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygy başlandy ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň awgust sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ ÝB - Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk forumy geçirildi ✦ ✦ TIF 2025 Awazada geçiriler ✦ ✦ Halk Maslahaty — milli demokratiýanyň nusgasy ✦ ✦ Aşgabatda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasy geçirildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Ýyllyk 20 müň tonna kaolin öndürýän önümhana işläp başlady
  02.03.2023
948
Ýyllyk 20 müň tonna kaolin öndürýän önümhana işläp başlady

Golaýda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen döredilen «Türkmen kaolin» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň welaýat merkezi Balkanabat şäheriniň golaýynda täze önümhanasy işläp başlady.

Kaolin önümhanasynda düýpli abatlaýyş-bejeriş işleri geçirilip, onuň durky doly täzelendi. Ýyllyk taslama kuwwatlylygy ýokary hilli, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän önümleriň 20 müň tonnasyny öndürmäge barabar bolan kaolin önümhanasy döwrebap enjamlar hem-de tehnologiýalar bilen üpjün edildi.   

Mälim bolşy ýaly, kaolin magdany dag jynslarynyň dargamagy netijesinde emele gelýär. Onuň düzüminde kwarsyň, demriň we titanyň oksidleriniň dänejikleri saklanýar. Täze kaolin önümhanasy üçin çig mal serişdesi Türkmenbaşy etrabynyň Gyzylgaýa şäherçesiniň golaýyndan gazylyp alynýar. Önümhanada öndürilýän önüm eýýäm içerki bazaryň sarp edijilerine ugradylyp başlandy we ony geljekde daşary ýurtlara ibermek hem göz öňünde tutulýar.

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Derýaplastik» hojalyk jemgyýetiniň «Derýakeramika» haryt nyşanly santehniki önümleri öndürýän iri kärhanasy öz önümçiliginde kaolini örän köp mukdarda, giňden ulanýar. Sanfaýans we keramika önümlerine häzirki wagtda ýurdumyzda we dünýä bazarynda uly isleg bildirilýär. Kaolin ak sementi, elektrotehniki izolýatorlary, kosmetika we parfýumeriýa önümlerini öndürmekde, farfor gap-gaçlaryň, kagyz, karton, rezin, boýag, şeýle hem arassaçylyk serişdeleriniň (sabynyň, diş pastasynyň, şampunlaryň) önümçiliginde, plastmassadan ýasalýan önümlere dolduryjy maddalar hökmünde giňden peýdalanylýar. 

 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.