logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-nyň sammitine gatnaşdy
  02.09.2025
982
Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-nyň sammitine gatnaşdy

Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaýda geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň “ŞHG+” formatyndaky sammitine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi. 

 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, ilki bilen, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň şu gezekki sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çakylygy, bildirilen myhmansöýerlik hem-de işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirdi.

 

Duşuşykda sebit we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, parahatçylyk, durnukly ösüş, ulag-logistika, energetika, aragatnaşyk, söwda hem-de medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy maslahatlaşyldy.

 

Hormatly Prezidentimiz ŞHG bilen hyzmatdaşlygyň köpýyllyk däbini we Türkmenistanyň oňa berýän uly ähmiýetini belläp, täze halkara başlangyçlary goldady. Döwlet Baştutanymyz ulag-logistika, Hazarüsti geçelgeleri, demir ýol we deňiz ulaglary, energetika hem-de senagat kooperasiýasy boýunça bilelikdäki taslamalara taýýardygyny aýtdy. Şeýle hem Türkmenistan Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ŞHG ýurtlaryny Aşgabada çagyrdy.

 

Prezident Serdar Berdimuhamedow ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýetini nygtap, Türkmenistanyň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny belledi. Sammitde sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, şol sanda ykdysadyýet, energetika, medeni-ynsanperwer, innowasiýalar hem-de ýokary tehnologiýalar ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk, söwda, maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek, infrastruktura taslamalary, maliýe mehanizmlerini döretmek bilen baglanyşykly we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Bakyguly ORAZOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.