Sentýabr aýynyň başlamagy bilen ýurdumyzda ýylsaýyn geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk çäreler toplumy işe girizildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi. 2013-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýola goýlan bu çäreler häzirki wagtda hem Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilip, jemgyýet üçin aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Şu günlerde ýol hereketiniň düzgünlerini giňden wagyz etmek maksady bilen dürli çäreler amala aşyrylýar. Mekdeplerde we çagalar baglarynda ýörite sapaklar geçirilip, çagalaryň sowatlylygyny artdyrmaga, ministrliklerde we edaralarda bolsa okuw maslahatlaryny guramaga aýratyn üns berilýär. Ýaş nesle çagalykdan tertip-düzgünleri öwretmek, olaryň ýol hereketinde jogapkärli bolmagyna ýardam edýär.
Ýollarda howpsuzlygy üpjün etmek boýunça amaly işler hem giňden alnyp barylýar. Ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri, şol sanda welosipedli patrullar yzygiderli nobatçylyk edýärler. Şeýle çäreler ýol ýagdaýyna çalt we netijeli täsir etmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem mekdepleriň we bilim edaralarynyň töwereginde ýol düzgünleriniň berjaý edilmegine berk gözegçilik edilýär.
Paýtagtymyzda halkara talaplaryna laýyk gelýän ýol infrastrukturasyny döretmek we döwrebaplaşdyrmak işleri dowam edýär. Giň ýollar, ýerüsti we ýerasty geçelgeler, köprüler ulaglaryň we pyýadalaryň akymyny sazlaşykly bölüp, ýol hadysalarynyň öňüni almaga hem-de dykynlary azaltmaga ýardam edýär. Halkalaýyn ýol-çatyklaryň gurluşygy bolsa ulaglaryň erkin hereketini üpjün edýär.
Arkadag şäherinde ýol ulgamyna ornaşdyrylan täze tehnologiýalar aýratyn bellärliklidir. Köçeler häzirki zaman yşyklandyryş, wideo gözegçilik hem-de hereketi dolandyrmak ulgamlary bilen üpjün edilipdir. Akylly ulag ulgamy (ITS) ýol akymlarynyň sazlaşykly hereketini üpjün edýär, jemgyýetçilik ulaglary üçin niýetlenen ýörite zolaklar bolsa wagty tygşytlamaga we dykynlary azaltmaga mümkinçilik berýär.
Ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça biraýlyk çäreler 30-njy sentýabra çenli dowam eder. Ýöne ýol düzgünleriniň ýerine ýetirilişi diňe degişli gulluklaryň işi bilen çäklenmän, ýol hereketine gatnaşýan her bir adamyň şahsy jogapkärçiligini hem talap edýär.
Maksat Baýramow,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.