logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Science and Education /Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze okuw binasy açyldy
  05.09.2025
4107
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze okuw binasy açyldy

Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze okuw binasynyň we degişli durmuş-medeni desgalaryň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi. Täze okuw binasy 2 müň talyp üçin niýetlenip, onuň düzüminde lingafon we kompýuter otaglary, tejribhana, “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” merkezi, muzeý, elektron kitaphana, IT meýdançalary, kibersport we robot tehnologiýalary otaglary ýerleşýär. Şeýle hem 500 orunlyk mejlisler jaýy bar.

 

Talyp ýaşaýyş jaýy 800 orunlyk bolup, talyplaryň ýaşamagy we bilim almagy üçin ähli şertler döredildi. Sport desgasy häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edildi. Binanyň energiýa üpjünçiligi üçin ýel we gün stansiýalary gurnaldy.

 

Gurluşyk işleri “Röwşen” hususy kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirildi. Açylyş dabarasynda täze binalara halkara güwänamalar gowşuryldy. Şeýle hem Germaniýanyň Klaustal tehnologiýa uniwersiteti we Galle-Wittenberg uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk boýunça Ähtnamalara gol çekildi.

 

1-nji sentýabrda – Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli, ýurduň dürli ýerlerinde täze mekdepler we çagalar baglary hem ulanmaga berildi. Ýaş nesilleriň geljegi üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Ýazbibi AKYMOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
mugallymy.