logo

Latest news:
✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦ ✦ «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi ✦ ✦ GDA-nyň DIM-niň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi ✦
Home / Politics /Awaza Forumynyň jemleri
  31.08.2025
948
Awaza Forumynyň jemleri

2025-nji ýylyň 5–8-nji awgusty aralygynda Awazada Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty (LLDC3) geçirildi. Bu ýokary derejeli halkara çäre dünýäniň dürli künjeklerinden döwlet we hökümet ýolbaşçylaryny, halkara guramalaryň wekillerini, ylmy-barlag institutlaryny hem-de raýat jemgyýetiniň wekillerini bir ýere jemledi.

Maslahatyň maksady – deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ykdysady ösüşinde ýüze çykýan kynçylyklary çözmek, sebitara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda umumy tagallalary birleşdirmekden ybarat boldy.

Geçirilen duşuşyklarda ulag we logistika ulgamyndaky mümkinçilikler, söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi, energiýa howpsuzlygy, sanly ykdysadyýete geçiş, ekologiýa hem-de howanyň üýtgemegi ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, ulag-üstaşyr geçelgeleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, sebitara söwdany ýeňilleşdirmek we ykdysady taýdan täze hyzmatdaşlyklary ýola goýmak boýunça anyk teklipler beýan edildi.

Maslahat çäklerinde dürli forumlar, ugurdaş çäreler hem-de ýurtlaryň milli günlerine bagyşlanan medeni maksatnamalar guraldy. Bu çäreler diňe bir hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açman, eýsem halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalanyp, medeniýetler aragatnaşygynyň güýçlenmegine-de uly ýardam berdi.

Awazada geçirilen LLDC3 maslahaty Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlykda we dünýäniň durnukly ösüşinde tutýan ornunyň has-da artýandygyny görkezdi. Şeýle halkara çäreleriň ýurdumyzda üstünlikli geçirilmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna we geljekki ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagyna uly itergi berýär.


Garajaýewa Ogulgözel Gurbandurdyýewna,

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy.