logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /TIF 2025 Awazada geçiriler
  04.09.2025
2084
TIF 2025 Awazada geçiriler

Türkmenistanyň Maýa goýum forumynyň (TIF 2025) guramaçylyk komiteti forumyň geçiriljek ýeriniň üýtgedilendigini mälim etdi. Indi forum Hazar deňziniň kenarynda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Daşary ýurtly myhmanlar üçin ähli amatlyklar döredildi: 17–19-njy sentýabrda Aşgabat – Türkmenbaşy ugry boýunça ýörite uçar gatnawy guralar, häzirki zaman awtobuslarynda transport hyzmaty ýola goýlar, myhmanlar bolsa “Berkarar” we “Hazyna” ýaly myhmanhanalarda ýerleşdiriler.

 

18–19-njy sentýabrda geçiriljek forumda ykdysady özgertmeler we täze taslamalar tanyşdyrylar, döwlet we hususy pudaklaryň wekilleri bilen göni hyzmatdaşlyk gurmak, anyk maýa goýum mümkinçilikleri boýunça gepleşikler geçirmek meýilleşdirilýär. Maksatnamada panel maslahatlary, taslamalaryň tanyşdyrylyşlary, B2B we B2G duşuşyklary, master-klaslar hem-de medeni çäreler bar. Foruma gatnaşygy üçin hasaba alyş möhleti 10-njy sentýabra çenli uzaldyldy.

 

Begenç Öwezmyradow,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.